Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň öňüne bombaly hüjüm edildi

Owgan polisiýa işgärleri bomba hüjüminiň bolan ýerine gözegçilik edýär. 29-njy oktýabr, 2018 ý. Kabul

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň Kabuldaky baş binasynyň öňünde janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran bombaly hüjüminde azyndan alty adam ýaralandy.

Owgan polisiýasynyň 29-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, janyndan geçen hüjümçi agzalýan edaranyň daşyndaky ulagyň golaýynda, dik aýak üstünde özüni partladýar.

“Partlama Garaşsyz saýlaw komissiýanyň işgärleriniň ulaglaryndan 20 metr uzakda boldy” diýip, Kabulyň polisiýasynyň metbugat wekili Basir Mujahid “AFP” habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Ol wakada Garaşsyz saýlaw komissiýanyň dört we polisiýanyň iki işgäriniň ýaralanandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Bu hüjüm, owgan resmileri ýurtda uzak wagt soňa goýlan parlament saýlawlarynyň býulletenlerini sanap başlan mahaly amala aşyryldy. Parlament saýlawlary soňky iki hepdäniň dowamynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilen mahaly geçirildi.