Ekin meýdanlarynda gowaçanyň ‘giç gozalaýan süýümi ekilýän’ Gökdepe etraby pagta planyny doldy

Pagta daşaýan traktor. Illýustrasiýa suraty

Döwlet metbugaty Gökdepe etrabynyň pagtaçylarynyň döwlete tabşyrmaly pagta plan borçnamasyny ilkinji bolup berjaý edendigini habar berýär.

Gökdepeli kärendeçiler harmana 9 müň 250 tonnadan gowrak pagta tabşyrypdyrlar.

Ahal welaýatynda pagta möwsüminiň depgini barada döwlet metbugatynda 15-nji oktýabrda çap edilen habarda etrabyň kärendeçileriniň borçnamanyň 80 göteriminiň hötdesinden gelendikleri habar berlipdi.

Ýurduň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işlerden habarly ýerli synçylar hususan-da Gökdepe we Bäherden etraplarynda inçe süýümli, ýokary hilli gowaçanyň ekilýändigini, pagtanyň şeýle görnüşiniň beýlekilerden tapawutlylykda giç gozalaýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bu barada şeýle gürrüň berdi:

“Eger, planlaryny dolan bolsa, gutly bolsun! Harmanlaryna bereket! Ýöne Gökdepäniň, Bäherdeniň we Tejeniň ilden ozal pagta planyny dolmaga ulakan mümkinçiligi ýok. Mümkünçiligi ýok diýýänim, adamlaryň zähmetiniň üstüne atanak çekmek niýetim ýok, tersine, şol ýerlerde pagtanyň iň gymmat sorty – inçe süýümli pagta ekilýär. Inçe süýümli pagtanyň beýleki orta süýümli pagtadan tapawudy, adatça, şol bir wagtda deň ekilen-de bolsa onuň gozalary 20-25 gün giç açylýar” diýip, Bugaýew belledi.

Resmi maglumatlarda Gökdepe etrabynyň ekin meýdanlaryna pagtanyň haýsy görnüşiniň ekilendigi barada maglumat ýok.

Synçy Bugaýew agzalýan etraplarda ekilýän pagtanyň görnüşi barada mundan ozalky ýyllarda etraplaryň käbir ýerli ýaşaýjylary bilen gürrüňdeş bolandygyny belledi.

Gökdepe etrabynda doglup, häzirki wagtda ýurdy dolandyrýan prezident Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler boýunça soňky aýlarda birnäçe gezek nägilelik bildirdi.

Ol 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde bu pudagy özgertmek barada birnäçe çözgüt hödürledi.

Prezident 19-njy oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bolsa, oba hojalyk uniwersitetiniň ylym işgärlerinden ýurduň obasenagat pudagynda amala aşyrylýan özgertmeler barada media serişdelerinde çykyş etmegi talap etdi.

Synçy Bugaýew ylmy işgärlere mediada çykyş etmek boýunça edilen çagyryşlar barada şeýle gürrüň berdi:

“Oba hojalyk uniwersitetinden edilýän talap dogry, sebäbi ýokary okuw jaýlary öz ugurlary boýunça Ylymlar Akademiýasynyň filialy ýaly bir zat bolmaly, ozaly bilen ylym işgärleri goh etmeli, şol ýurtda bilinmeýän ýagdaý däl” diýip, Bugaýew belledi.

Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyny halkara hukuk toparlary tankyt edýärler.

Garaşsyz çeşmelerde, şol sanda Azatlyk Radiosynda bu ýylky pagta möwsüminde býujet işgärleriniň pagta meýdanlaryna mejbury çekilýändigi barada yzygiderli habar berildi.

Türkmenistanda bu ýyl, resmi maglumata görä, 545 müň gektar ýere gowaça ekildi we 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.

Döwlet eýeçiligindäki maglumat serişdelerinde pagta möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylmagy barada ýagşydan-ýamandan kelam agyz gürrüň edilmeýär.

1-nji oktýabr güni halkara hukuk goraýjy guramalar prezidentiň saparyna gabatlap, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda dowam edýän mejbury zähmete protest bildirmek maksady bilen nägilelik çäresini geçirdi.