Türkmenistan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alaly bäri, köpler üçin awtoritar häkimiýetleri öwrenmekde nusgalyk bolup gelýär. Ýurduň baştutany rehimsiz howpsuzlyk güýçleriniň kömegi bilen häkimiýet başynda saklanýar. Olar döreýän nägileligiň islendik alamatlaryny köki damary bilen goparyp, hatda pyşyrdyly tankydy hem basyp ýatyrýarlar.
Ýöne Türkmenistan soňky ýyllarda agyr günleri başdan geçirýär. Ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwaty ýiti pese gaçýar. Adamlar özleriniň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýaramazlaşýandygyna şaýat bolýarlar. Häzirki wagtda un, şeker, ösümlik ýagy ýaly harytlaryň, şeýle-de derman serişdeleriniň gytçylygy duýulýar. Ýurtda käwagt hatda puly nagtlaşdyrmakda-da kynçylyk çekilýär. Raýatlar üçin zerur bolan harytlaryň we hyzmatlaryň tölegleri ýokarlanýar. Käbir raýatlar iş gözleginde daşary ýurtlara göz dikýän wagty, täze girizilýän çäklendirmeler ýurduň daşyna çykmaga synanyşýan türkmen raýatlary üçin ýagdaýlary has-da kynlaşdyrýar. Bu aralykda, hökümet raýatlara degişli ýeňillikleri tapgyrlaýyn ýatyrýar.
Ilatyň sowukganlylygy gowşap, hüňürdemeler başlady. Bu ýyl Türkmenistanda ozal görlüp-eşidilmedik hadysalar ýüze çykdy. Halk arasynda ozal agza alynmadyk sözler jemgyýetçilikde aýdylyp başlandy.
Halk arasynda Azatlyk diýlip tanalýan Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy Türkmenistanda raýatlaryň çörek nobatlarynda düşürip ugradýan wideolaryny köpçülige ýetirip gelýär.
(BELLIK: Türkmen häkimiýetleri öz raýatlarynyň AÝ/AR bilen gepleşmegini halamaýar. Olar gürrüňdeş bolan halatynda munuň netijeleri agyr bolýar, şol sebäpden biz gatnaşyga geçen adamlaryň şahsyýetini aýan etmeýäris)
4-nji oktýabrda demirgazyk Türkmenistanyň Daşoguz şäherindäki bir dükanyň öňünde 6 ýüz – 7 ýüz adamdan ybarat çörek we un nobaty döredi. Nobata gatnaşanlaryň biri özüniň irdenden öýlän sagat 4-e çenli garaşyp, ahyry çörek satyn almagy başarandygyny gürrüň berdi. “Un satyn alan adam barada eşitmedim. Un ýetmezçilik edýär” diýip, ol sözüne goşdy.
Polisiýa gulluklary adamlaryň üýşýän ýerlerine yzygiderli gözegçilik edýän-de bolsa, Daşoguzda ýygnanan jemende boýun egmezligiň alamatlaryny görkezipdir. Ýaýradylan wideodaky jemendäniň arasyndan “polisiýa çagyrypdyrlar” diýen sözleri eşitmek bolýar.
Nobata garaşan başga bir adam ol ýerde dawa-jenjeliň dörandigini gürrüň berdi. Çeşmäniň aýtmagyna görä, ýygnananlar özleri bilen gürrüňdeşlige gelen iki polisiýa işgärini ýakalap kowup goýberipdirler. Wakanyň şaýady adamlaryň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine gahar bilen: “Arkadag halkyny ekläp bilmeýän bolsa işden gitsin” diýendiklerini habar berdi.
Türkmenistanyň köpçülikleýin media we metbugat serişdelerinde ýurduň prezidentine Arkadag tituly bilen ýüzlenilýär.
Agyr jeza
Türkmenistanda häkimiýetler şeýle sözleri dönüklik hasaplaýar.
Milli howpsuzlyk ministrliginiň ofiserleri prezident barada şeýle gürrüňleri edýän adamlaryň golaýyna baryp bilmäni, “gaçyp gutuldylar” diýip, wakanyň şaýady aýtdy.
Türkmenistanda howpsuzlyk gulluklaryna boýun egmezlik ýa-da olara garşy gitmek hem dönüklik hasaplanylýar, elbetde bu ýagdaý geçmişde käbir adamlary agyr jezalara duçar etdi.
Daşoguzdaky nobata gatnaşanlardan beýleki bir adam howpsuzlyk ofiserleriniň soňy bilen “ulaglaryna münüp, ol ýeri terk edendiklerini” habar berdi.
Çörek nobatlary Türkmenistanda üçin täzelikdir. Mundan ozal ýurtda beýle nobatlar döremändi. Soňky wagtlarda göze ilýän uzyn nobatlar asla döremändi.
Türkmenistanda häzirki wagtda nobatlar diňe bir dükanlaryň öňünde döremeýär. Häkimiýetler adamlaryň pensiýa we aýlyk haklaryny olaryň bank hasaplaryna geçirýär. Adamlar öz hak-töleglerini bankomatlardan nagtlaşdyrýarlar. Ýöne olarda köplenç halatda nagt tapdyrmaýar. Haçan-da bankomatlara pul goýlanda dessine olaryň öňünde nobatlar döreýär. Gelip gowuşýan habarlar goýulýan puluň möçberiniň halkyň talabyny ödäp bilmeýändigini açyp görkezýär.
3-nji oktýabrda käbir ýerli ýaşaýjylar paýtagt Aşgabatda bir bankomatyň öňünde dörän nobatda pensionerleriň dawalaşandygy Azatlyga gürrüň berdi. Görnüşinden, agzalýan nobatda dörän dawa-jenjele belli bir derejede nobata ýygnananlaryň hataryndaky käbir pensionerleriň öňe geçmek üçin eden haýyşy sebäp bolýar. Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda ýaşula hormat adamlaryň aňyna siňip giden ýagdaýdyr. Ýöne bu hormat biziň gürrüňini edýän nobatymyza degişli däl. Adamlar pul gutaryp, ýene-de birnäçe günläp tapdyrmany duraýmasyn diýen gorky bilen, ýaşlar nobatda ýaşulylaryň öňe geçmegine rugsat bermändir.
25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynda ýaşuly gatlak Türkmenistanda gazyň, toguň we suwuň mugtçylygyny ýatyrmak boýunça biragyzdan ses berenden soň, ýurtda ýaşulylar sylagy ýitirendir.
Azatlyk Radiosynyň lebaply habarçysyna görä, 3-nji oktýabrda gündogar Türkmenistanda ýerleşýän Lebap welaýatynda ençeme adam Ýaşulylar Geňeşiniň ýerli wekilleri bilen duşuşmaga barýar. Olar ýaşulylaryň näme sebäpden ýeňillikleri ýatyrmak üçin ses berendikleri bilen gyzyklanýar. Ýygnananlar soňra ýerli häkimlige barýar. Ýöne habarçynyň sözlerine görä, munuň netijesinde adamlaryň arasynda gazyň, toguň we suwuň mugt üpjünçiliginiň ýatyrylmagy barada obalaryň şäherleriň ýaşaýjylarynyň arasynda gürrüňdeşlik geçirilýär.
Makalada aýdylan pikirler awtora degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar