Putin, Mirziýoýew Özbegistanda atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna badalga berdiler

Rus we özbek prezidentleri Nowaýy sebitinde bina edilmeli atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna badalga berdiler.

Rus prezidenti Wladimir Putin özüniň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen Özbegistanyň günbatar Nowaýy sebitinde bina edilmeli atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna badalga berdiler. Moskwa desganyň gurluşygynyň 11 milliard dollara barabar boljakdygyny aýdýar.

Putin Mirziýoýew bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda desganyň “Özbegistanda täze senagat pudagyny” döretjekdigini aýtdy.

Şeýle-de, Putin: “2.4-Megawatt kuwwatly iki reaktor Özbegistany we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerini arzan we arassa elektrik togy bilen üpjün eder. Bu diňe bir Özbegistanyň däl, eýse tutuş Merkezi Aziýa regionynyň elektrik durnuklylygyny üpjün eder” diýip, belledi.

Bu Özbegistandaky, umuman, Merkezi Aziýa regionyndaky bu hili ikinji atom elektrik stansiýasy bolar.

Öz gezeginde, Merkezi Aziýanyň atom stansiýalaryna bolan garaýyşyna sowet döwri Gazagystanyň demirgazyk-gündogaryndaky Semipalatinsk ýadro synag poligonyndaky netijeler we 1986-njy ýylda Ukrainanyň Çernobyl atom stansiýasynda dörän heläkçilikli ýagdaýlar öz täsirini ýetiripdi.

Putin 2016-njy ýylda häkimiýet başyna Şawkat Mirziýoýew geçeli bäri, Özbegistana ilkinji gezek döwlet saparyny amala aşyrdy.