Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän käbir dükanlarynda sement tapdyrmaýar. Oňa derek onuň hususy dükanlardaky we gurluşyk harytlary satylýan bazarlardaky bahasy öňküsinden iki esse gymmatlady. Düýn 16-njy oktýabrda ýurt içinden habarlaşan lebaply okyjymyz bu maglumatlary tassyklap, Azatlyk bilen gürrüňdeş boldy.
Onuň sözlerine görä, “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Türkmenabat hem-de Çärjew etraplarynda (öňki Serdarabat) ýerleşýän “Demir-agaç önümleri” atly gurluşyk dükanlaryna goýberilýän sement diňe telekeçilere satylýar. Öz gezeginde hususyýetçiler, döwlet dükanyndan satyn alan gurluşyk harydyny Türkmenabadyň Gurluşyk harytlary satylýan bazarynda we beýleki özbaşdak dükanlarda iki esse gymmat bahadan satýar.
1 halta sement döwlet dükanlarynda 11 manada durýan bolsa, häzirki wagtda onuň haltasy Türkmenabadyň hususy gurluşyk dükanlarynda we Gurluşyk harytlary satylýan bazarynda 24 manatdan satylýar.
“Bu ýagdaý bir hepde bäri gaýtalanýar. Döwletiň gurluşyk dükanlarynda alyjylara ‘sement ýok’ diýýärler” diýip, gürrüňdeşimiz aýtdy.
“Türkmensement” önümçilik birleşigi Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň tabynlygynda bolup, birleşigiň garamagynda ýurtda 4 sany sement zawody önüm öndürýär. Olardan “Lebap” sement zawody Köýtendag etrabynda, “Baharly” we “Kelete” zawodlary Ahal welaýatynyň çäginde, “Jebel” zawody bolsa Balkan welaýatynda ýerleşýär.
Lebap welaýatynda ýerleşýän sement zawodyny Türkiýäniň “Polimeks” firmasy gurdy. Ol 2013-nji ýylda ulanylmaga berildi. Türkmen metbugaty zawotda öndürilýän önümiň bir böleginiň goňşy Owganystana iberilýändigini habar berýär.
Galyberse-de, Türkmenistanyň Senagat ministrligi şu ýylyň mart aýynda ýyllyk öndürijilik kuwwaty 1 milion tonna barabar bolan täze sement zawodynyň gurluşgy boýunça tender yglan etdi.
Lebap welaýatynyň çäginde dörän soňky sement gytçylygy bilen baglylykda, düýn sişenbe güni Azatlyk bilen habarlaşan okyjymyz ýerli ýaşaýjylaryň bu pudaklarda korrupsiýa ýol berilýändigine ynanýandyklaryny aýtdy.
Ýatladyp geçsek, Lebap welaýatyna gözegçilik edýän öňki wise-premýer Batyr Ereşowyň geçen ýylyň maý aýynda tarpa-taýyn aradan çykandygy habar berlende, Azatlygyň hökümete ýakyn çeşmesi Ereşowyň gözegçiligindäki “Lebap” sement zawodynda hukuk goraýjy edaralaryň duýdansyz reýd geçirip, uly parahorlygyň üstüni açandygyny habar beripdi.
Lebap zawodynyň işe girizilmegi bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistan daşary ýurtdan import edilýän sement üçin 100 % gümrük salgydyny girizipdi.
Türkmen metbugaty şu ýylyň fewral aýyndan başlap, sementiň önümçiliginde ulanylýan çig malyň köp görnüşiniň daşary ýurtdan import edilmeginiň bes edilendigini, hem-de bu önümçilige zerur bolan çig-mal serişdeleriniň ýerli demir-magdan känlerinden alnyp başlanandygyny habar berdi. Bular bilen baglylykda, “Tuwargyr” dag-magdan sebitiniň, Gyzylgaýa meýdançasynyň tebigy serişdeleriniň mümkinçiliklerine bil baglanylýandygy habar berilýär.
Türkmen resmileri ýerli önümçiligi ösdürip, daşary ýurtlardan import edilýän harytlaryň möçberini azaltmak boýunça tagalla edýändigini aýdýar.
Ýöne ýurtda her ýyl milionlarça tonna sement öndürilýändigi habar berilýän mahaly, Lebapda ýerli ýaşaýjylar sementiň bahasynyň duýdansyz iki esse gymmatlamagyndan şikaýat edýär.
Azatlyk Radiosy häzirki wagtda Lebap welaýatyndaky sementiň üpjünçiligi barada okyjymyzyň ýollan maglumatyny içgin öwrenýär, hem-de öz okyjylaryny we diňleýjilerini ýurt içinde bolup geçýän şuňa meňzeş hadysalar bilen bagly habarlaşmaga, pikir alyşmaga çagyrýar.