Türkiýedäki dokumentsiz türkmen migrant çagalary näme etmeli?

Türkiýedäki türkmen migranty Nargiz gyzy bilen.

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň "göç" edarasynyň, ýagny Migrasiýa gullugynyň 2017-nji ýyl boýunça hasabatynda, maşgala esasynda ýaşaýyş rugsadyny alan migrantlaryň sany taýdan Türkmenistan Azerbaýjandan, Orsýetden, Siriýadan we Ukrainadan soň bäşinji orunda durýar.

Migrasiýa hünärmenleri Türkmenistanyň ilçihanasynyň pasport bermeýändigi sebäpli Türkiýede dokument alyp bilmeýän onlarça müň çaganyň resmi hasaba alynmandygyny we dokumentsiz kösenýändigini öňe sürýär.

Biziň bilen habarlaşýan maşgalalar hem öz çagalarynyň dokument problemalarynyň onlarça ýyldan bäri çözülmän gelýändigini, şol sebäpden olaryň bilimden, saglygy saklaýyş hyzmatlaryndan we sosial haklardan mahrum galandygyny aýdýarlar. Migrant diňleýjilerimiz çagalarynyň dokument problemalaryny çözmek üçin Türkiýede nähili kanuny çykalganyň bardygyny soraýarlar.

Azatlyk Radiosynyň "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu günki sanyny Türkiýedäki migrant maşgalalarynyň islegleri esasynda dokumentsiz türkmen çagalarynyň problemalaryna gönükdirýäris.

Gepleşigi diňläp, öz tejribeleriňizi ýa-da garaýyşlaryňyzy aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýedäki dokumentsiz türkmen migrant çagalary näme etmeli?