Türkmenistanyň prezidenti Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini doglan güni bilen gutlady. Türkmen mediasyna görä, 8-nji oktýabrda iki ýurduň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler.
"Ýagdaýdan peýdalanyp, Türkmenistanyň ýolbaşçysy orsýetli kärdeşini onuň öňüsyrasynda bellän doglan güni bilen ýürekden gutlady we oňa berk jan saglygyny we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärçilikli işde uly üstünlikleri arzuw etdi" diýip, türkmen mediasy habar berdi.
Şeýle-de, iki ýurduň prezidentleriniň bu telefon söhbetdeşliginde "ýokary derejede gelnen ylalaşyklara degişli "döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini" ara alyp maslahat edendigi resmi maglumatlarda habar berildi. Türkmen-orsýet partnýorlygynyň esasy ugurlarynyň arasynda söwda-ykdysady, energetika we transport-aragatnaşyk ugurlary agzaldy.
Soňky 20 ýyla golaý wagt bäri Orsýeti döwlet we hökümet baştutany wezipelerinde dolandyryp gelýän Wladimir Putin 7-nji oktýabrda 66 ýaşyny belledi. Geçen ýyl Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Putine doglan gününe sowgat hökmünde "Wepaly" atly türkmen alabaý güjügini gowşurypdy.