Berdimuhamedow Nýu-Ýork protestlerinden soň pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrýar

Türkmenistanda mejbury zähmete garşy geçirilen proteste gatnaşyjylar. Nýu-Ýork, 1-nji oktýabr.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda” karara gol çekdi, bu ýokarlandyrmanyň bugdaý we pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmegine umyt baglanylýar.

Şeýle-de, döwlet baştutanynyň bellemegine görä, “ýokary hilli tohumlaryň öndürilmegi üçin goşmaça tölegleriň bellenilmegi oba zähmetkeşleriniň oňat netijeleri almaga höwesiniň artmagyna ýardam eder”.

Emma muňa garamazdan, bahalaryň näçe prosent ýokarlanjagy, nähili esasda ýokarlanjagy anyklaşdyrylmaýar. Bu karar kabul edileninden soň Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen ahally kärendeçiniň sözlerine görä, “eger bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş bahalary hem ýylda aýlyk köpeldilişi ýaly ýokarlansa, ýagdaýyň üýtgemegine garaşyp oturasy iş ýok”.

Türkmenistanyň prezidenti geçen bir ýylyň dowamynda ýurduň agrosenagat pudagynyň işini yzygiderli tankytlady, hasyllylygyň derejesiniň pesdigini, ýerleriň şordugyny we beýlekileri boýun aldy we ýolbaşçylara yzly-yzyna käýinç, soňky duýduryş bermek, häkimleri we wise-premýerleri täzeläp durmak praktikasyny dowam etdirdi.

Ikinji tarapdan, Berdimuhamedow daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertiň bardygyny, döwletiň kärendeçileri tohum, dökün, tehnika we beýleki zerurlyklar bilen doly üpjün edýändigini,ýurtda azyk howpsuzlygynyň döredilendigini aýdýar.

Emma ýurtda dörän azyk ýetmezçiligi, hususan-da un, çörek, ösümlik ýagy, şeker, ýumurtga, towuk eti ýaly gündelik ulanylýan önümleriň, mal iýminiň gytalmagy we dükanlaryň öňünde döreýän uly nobatlar bilen baglylykda, hökümet öz oba hojalyk syýasatyna gaýtadan seretmäge mejbur bolana meňzeýär.

Döwlet baştutanynyň 25-nji sentýabrda geçirilen Halk maslahatynda aýdan sözlerinden çen tutulsa, ýurtda ýerli bazary üpjün etmek we eksport edilýän önümleri köpeltmek üçin ýeterlik oba hojalyk önümleriniň öndürilmezliginde esasan zähmet öndürijili pes bolan daýhan hojalyklary günäkär.

Şunuň bilen baglylykda, prezident indiden beýläk“düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerlerini alyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere bermek” ideýasyny öňe sürdi we hatdaýerleri “isleg bildirýänlere” 99 ýyl möhlet bilen bermek, bölünip berlen ýerleriň 70 prosentine gowaça we bugdaý ekmek, galan 30 prosentine beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek ýaly meseleleri hem dile getirdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýer doly diýen ýaly döwlet eýeçiliginde saklanyp galýar we daýhanlar öz kärende ýerlerinde şu wagtda çenli diňe bugdaý, gowaça ekmäge borçly edildi, bugdaýyň, gowaçanyň ekiljek wagty-da, hasyl ýygnamaga başlamaly sene-de prezident tarapyndan kesgitlendi.

Bilermenler oba hojalygynyň sowet-komanda-buýruk dolandyryşy astyna saklanyp galmagynyň bazar kanunalryna ters gelýändigini, munuň önümçiligiň peýdasyna bolmajagyny garaşsyzlygyň başyndan bäri aýdyp gelýärler.

Emma öňki prezident S.Nyýazowyň “täze oba syýasaty-da”, G.Berdimuhamedowyň “oba hojalyk özgertmeleri-de”, Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan daýhanlaryň, hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, sowet döwründäki mejbury zähmetiň has ýowuzlaşdyrylan görnüşde saklanyp galmagyna, ýurduň ilatynyň türkmen topragynda ozal bol öndürilen gök-bakja önümleri babatda hem daşary ýurtlara garaşly bolmagyna getirdi.

Bellemeli ýeri, “Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakyndaky” karar 1-nji oktýabrda Nýu-Ýorkda, türkmen prezidentiniň ABŞ-a sapary mahalynda Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy geçirilen protestiň yz ýanyna gabat geldi.