Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň, hem-de Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri Aşgabadyň aeroportunda daşary ýurtlarda gazanç edip, ýurda dolanýan türkmenistanlylardan olaryň ýanlaryndaky daşary ýurt walýutalaryny döwletiň kesgitlän resmi bahasyndan ýerli manada öwürmeklerini talap edýärler. Bu barada 3-nji oktýabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde maglumat berdi.
“Aşgabadyň aeroportunda Migarsiýanyň we MHM-niň işgärleri daşary döwletlerde zähmet çekip, Türkmenistana dolanýan raýatlarymyzyň ellerindäki walýutalaryny alyp, olara döwlet kursundan manat berip başladylar” diýip, habarçy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, “dogumlyrak” bolup, howpsuzlygyň işgärlerinden öz hak-hukugyny talap edýän raýatlara degilmeýär.
“Dogumlyrak bolup hakyny talap edip bilýän raýatlary seslerini çykarman, geçirip goýberýärler diýip, golaýda Dubaýdan dolanan 40 ýaşlaryndaky bir türkmenistanly maňa gürrüň berdi” diýip, habarçy belledi.
Azatlygyň ýurt içindäki çeşmesi häkimiýetleriň görýän bu çärelerini “basybalyjylyk” häsiýetlendirýär.
Habarçynyň sözlerine görä, ýurduň güýç gulluklarynyň howa menzilinde ýolagçylaryň daşary ýurtlarda gazanç edip, ýanlary bilen getiren walýutalaryny döwlet kursundan mejbury manada çalyşmak talaplary raýatlarda närazaçylyk döredýär:
“Aeroportda raýatlarymyzyň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň, hem-de MHM-niň işgärleriniň wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagyndan we olaryň basybalyjlykly jenaýatçy toparlardan tapawudy bolmadyk hereketlere [baş goşmagyndan] nägile bolýandyklaryny synlasa bolýar” diýip, habarçy belledi.
Habarçymyz soňky wagtlarda ýurduň demirgazyk regionynda käbir býujet işgärleriniň işlerini taşlap, Türkiýe döwletine işe gidip başlandyklaryny belledi.
Ol ençeme raýatyň, Türkmenistanda bir ýylda aljak aýlyklaryny Türkiýede bir aýda gazanmaga mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýandyklaryny sözüne goşdy.
Türkmenistanyň soňky ýyllarda agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirmegi bilen, häkimiýetleriň eklenç gözleginde daşary ýurda çykmaga isleg bildirýän raýatlara garşy güýçlendirýän çäreleri garaşsyz habar çeşmeleriniň, şol sanda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň hem-de çeşmeleriniň ünsüni çekdi.
Şu ýylyň mart aýynda dürli onlaýn metbugat serişdeleri 2017-nji ýylda Türkmenistandan Orsýetiň Wolgograd oblastyna göçüp baran türkmenistanlylaryň sanynyň 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 81 % ýokarlanandygyny habar berdi.
Fewral aýynda azerbaýjanly bir neşir Azerbaýjanyň döwlet resmilerine we edaralaryna salgylanyp ýaýradan maglumatynda soňky wagtlarda öz ýurtlaryna gelýän türkmenistanlylaryň sanynyň günsaýyn köpelýändigini habar berdi.
Azatlyk Radiosynda Türkiýedäki zähmet migrantlarynyň duçar bolýan ýagdaýlary, olaryň ýaşaýyş durmuş şertleri barada yzygiderli maglumat berilýär.
Şeýle maglumatlardan çen tutulsa, Türkiýe döwleti türkmenistanly migrantlaryň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.
Galyberse-de, sentýabryň aýagynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk gulluklarynyň daşary döwletlere dynç almaga gidýän we gymmat bahaly awtoulaglary satyn alýan raýatlary soraga çekýändigi barada habar berdi.
Resmi bolmadyk maglumatlara görä, Türkmenistan şu ýylyň iýun aýynda daşary ýurda çykmaga isleg bildirýän raýatlara “40 ýaş çäklendirmesini” girizdi. Muňa laýyklykda, 40 ýaşyny doldurmadyk raýatlaryň ýurduň daşyna goýberilmeýändigi habar berildi.
Şeýle habaryň ýaýramagynyň yzýany ýurduň Migrasiýa gullugy beýanat ýaýradyp, daşary ýurtlara gidip-gelýän raýatlaryň hereketiniň çäklendirilmeýändigini öňe sürdi.
Daşary ýurtlardan dolanýan raýatlaryň walýuta görnüşindäki maliýe serişdeleriniň Aşgabadyň aeroportunda mejbury ýerli manada çalşyrdylýandygy barada ýurduň resmi habar serişdelerinde maglumat ýok.
Türkmenistanyň merkezi bankynda 1 dollaryň manada bolan resmi gatnaşygy 3.5 manat möçberinde kesgitlenilmeginde galýar.
Azatlygyň habarçylary dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň 20-21 manat aralygyndadygyny habar berýärler.
Iýun aýynda dollaryň manada bolan gatnaşygy 29 manada çenli baryp ýetdi. Şeýle habarlaryň fonunda Aşgabatda döwlet manadyny daşary ýurt walýutasyna bikanun konwertasiýa etmekde aýyplanyp birnäçe bank resmisi, telekeçiler we howpsuzlyk gullugynyň işgärleri saklanypdy.