Türkmenistanda 10 ýaşan mikroawtobuslaryň ýola çykmagyna gadagançylyk girizildi

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda zawoddan goýberilenine 10 ýyl dolan 8 adamlyk, hem-de 14 adamlyk “Gazelleriň” we “Hundaý” kysymly mikroawtobuslaryň ýola çykmagyna girizilen gadagançylyk güýje girdi.

“Bu mikroawtobuslara hereket etmäge hiç hili rugsat berilmeýär. [Degişli] kanun oktýabr aýynyň 1-den başlap güýji giripdir” diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy maglumat berýär.

Degişli kanunçylyk ýurduň metbugat serişdelerinde heniz göze ilmedi, ýöne Türkmenistanyň mejlisi 2018-nji ýylyň dowamynda “Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda”, hem-de “Ulag howpsuzlygy hakynda” kanun kabul etdi.

Habarçynyň sözlerine görä, häzirki wagtda Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin transport serişdeleriniň gatnawy ilata ýetmezçilik edýär.

“Şol mikroawtobuslaryň hyzmatyndan giňden peýdalanylýardy. Indi, bu hyzmatlaram aýryldy” diýip, habarçy belledi.

Onuň ýerli ýaşaýjylara salgylanyp gürrüň bermegine görä, döwletiň awtobus üpjünçiligi ýurduň demirgazyk welaýatynda öwerlikli däl.

“Welaýatda döwlet awtobuslary [häzirki wagtda, esasan] studentleri, býujet işgärlerini hem-de esgerleri pagta ýygymyna daşaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlasak, sentýabryň başynda Lebap welaýatynda-da pagtaçylary ýygyma alyp barýan awtobusyň heläkçilige uçramagy barada maglumat çap edilipdi.

Azatlygyň habarçysy Daşoguzda häzirki wagtda ýerli ilatyň hususy taksilere bil baglaýandygyny sözüne goşdy.

“Taksiler halky kanagatlandyrmak derejesinden juda pes, ýolagçy köp, taksiler bolsa az. Bu ýagdaý ýol kireýleriniň hem ençeme esse gymmatlagyna getirýär” diýip, ol belledi.

Mundan ozal, maý aýynda Türkmenistanda hususy awtoulagynda ygtyýarnamasyz kireý edýän sürüjiler boýunça gözegçilik güýçlendirilipdi.

Aşgabatda öz hususy awtoulaglary bilen kireý edýän raýatlaryň ençemesiniň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň bermegine görä, mundan öň lisenziýany bir ýyl möhlet bilen belli derejede alyp bolan bolsa, maý aýynyň dowamynda ony almak düzgünleri juda çylşyrymlaşdy we kynlaşdy.

Aýdylmagyna görä, şäher arasynda gatnap işleýän raýatlar, şol sanda Aşgabat bilen şäher daşyndaky bazaryň arasynda gatnamaly bolýan adamlar il arasynda “marşrutkalar” diýlip atlandyrylýan mikroawtobuslary juda amatly ulag hasaplaýarlar.

Sebäbi olar adaty awtobuslara garanda çeýe hereket edip, adamlary wagtynda barjak ýerine ýetirip bilýär diýip, bize gowuşýan habarlarda aýdylýar.

Azatlygyň mundan ozalky ýyllarda habar berşi ýaly, paýtagtyň töweregindäki obalardan we etraplardan şähere süýt, gatyk ýa gök önüm getirýän raýatlar hem mikroawtobuslary amatly hasaplaýar; şol bir wagtda şäherde we onuň töwereginde jemgyýetçilik transportynyň, awtobuslaryň ilatyň talaplaryny doly ödäp bilmeýändigi aýdylýar.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, mikroawtobuslar boýunça güýje giren täze kanun ýurduň ähli künjeklerinde hereket edýän kiçi awtobuslaryň işine öz täsirini ýetirer.

Türkmen resmileri döwlet eýeçiligindäki media serişdeleriniň üsti bilen ýurduň transport ulgamynyň ösdürilýändigini öňe sürýärler.