Daşoguzda pagta ýygymyna harbylar çekilýär

Ulagda barýan esgerler. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Serhet gullugynyň, hem-de Guryýer goşunlarynyň esgerleri Daşoguzda köpçülikleýin pagta ýygymyna çekilýär. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, şu ýyl suw ýetmezçiligi sebäpli welaýatyň çäginde pagtanyň umuman berekedi ýok.

Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna resmi derejede 16-njy sentýabrda badalga berildi.

“Açylanja pagtalar kärendeçileriň özleriniň ýygmagyna zordan ýetýär emma döwlet harbylary sähel açylyp oturan pagta bolsa, göni kärendeçilerden soramazdan esgerleri ýygyma başladýar” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ol bu ýagdaýyň pagtaçy kärendeçileriň gazanç çeşmesine oňaýsyz täsir edýändigini gürrüň berdi:

“[Pagtanyň harbylara ýygdyrylmagy bilen] kärendeçiler az hem bolsa, girdeji bolar diýip, garaşyp oturan 40 teňňesini ýitirýär” diýip, Azatlygyň çeşmesi belledi.

Türkmenistanda pagtanyň 1 kilogramyna döwlet tarapyndna 1 manat töleg tölenýär.

“Onuň 50 teňňesi oba-hyzmata, döküne, suwa gidýär” diýip, habarçy galan 50 teňňäniň 40 teňňesiniň ýygymçylara tölenýändigini aýtdy.

“Indi kärendeçiler esgerleriň ýygan pagtasyna 40 teňňe [töläp, üstesine] olary naharlamaly hem bolýarlar” diýip, çeşme sözüne goşdy.

Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda müňlerçe esger pagta ýygymyna çekilýär.

Azatlyk mundan ozal, Daşogzuň käbir mekdeplerinde 7-nji klasdan ýokary okuwçylaryň mejbury pagta ýygymyna çekilýändigi barada habar berdi.

Welaýatyň çägindäki pagta kampaniýasynyň alnyp barlyşyny ýakyndan synlaýan habarçy:

“Daşogzuň Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynyň oba we şäher mekdepleriniň 7-nji klasdan başlap, ähli okuwçylary [günortan] sagat 12:00-ä çenli okadylyp, soňra pagta ýygymyna kowulýar” diýip, 10-njy sentýabrda maglumat berdi.

Ol welaýatyň çäginde mekdep okuwçylarynyň köpçülikelýin pagta ýygymyna çekilmegini soňky ýyllarda “görlüp eşidilmedik derejede” diýip häsiýetlendirdi.

9-njy sentýabr güni Daşoguzda häkimiýetler welaýatyň Nyýazow, Ýylanly we Görogly etraplarynyň býujet işgärlerinden ybarat ýygymçy toparlaryny Ruhubelent hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň pagta meýdanlaryna mejbury çekdiler. Ýöne, Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, olar ýygara pagta tapmansoň obalardaky barlykly hojalyklara paýlanyp berildi.

27-nji sentýabrda Azatlygyň welaýatdaky habarçysy býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmek işleriniň dowam edýändigini, ýatymlaýyn pagta ýygymyna ugradylýan pagtaçylaryň amatsyz şertlerde ýaşamaga mejbur bolýandygyny habar berdi.

Şeýle-de, welaýatda bu ýyl 16-njy sentýabrda geçirilen “ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine býujet işgärleri bir hepdeläp mejbury çekildi.

Ýygym möwsümi başlamazdan ozal resmi pagta ýygymyna girişilýän pagta meýdanlarynda defoliant ýetmezçiligi sebäpli gowaça ýapraklary elde ýolduryldy.

Azatlygyň habarçysy 2-nji oktýabrda gowaçanyň ýapragyny düşürmekde ulanylýan dermanyň welaýatyň çägindäki pagta meýdanlarynda ulanylyp başlanandygyny habar berdi:

“Şu gün 2-nji oktýabrda Daşogzuň pagta meýdanlarynda gowaçanyň ýapragyny düşürýän derman uçarda sepilip başlandy” diýip, habarçy goşmaça maglumat berdi.

Pagta önümçiliginde mejbury zähmete garşy göreşýän halkara hukuk toparlary düýn 1-nji oktýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde Türkmenistandaky mejbury zähmete nägilelik bildirip, protest çäresini geçirdiler.