Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullukdan ir boşamak üçin “para bermeli”

Türkmen esgerleri Garaşsyzlyk 27 ýyllygyna bagyşlanan harby parada gatnaşýar, 27-nji sentýabr, 2018-nji ýyl, Aşgabat

Şu günler Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gullugyň kanunda belenenen möhletini tamamlan esgerleri harby gullukdan boşatmak, hem-de 18 ýaşyny dolduran erkek raýatlary harby gulluga çagyrmak işleri dowam edýär.

18-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti har­by gul­luk­çy­la­ry gul­luk­dan bo­şat­mak we degişli raýatlaryň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy ha­kyn­da permana gol çekdi.

Bu permana laýyklykda, degişli raýatlary gulluga çagyrmak we esgerleri gullukdan boşatmak çäreleri oktýabr-dekabr aýlary aralygynda amal edilýär.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary esgerleriň özleri üçin amatly wagtda gullukdan boşadylmagynda we raýatlaryň özleri üçin amatly ýerlere harby gulluga çagyrylmagynda para-peşgeşiň rol oýnaýandygyny habar berýär.

1-nji oktýabr güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bu barada giňişleýin maglumat berdi:

“Türkmenistanda harby gulluga çagyrylmak, harby gullukdan boşamak indi nijeme wagt bäri para-peşgeş diýen söze sinonimdaş, manydaş bolup gelýär. Indi, öňki ýylardan bäri hem dowam edip gelşi ýaly, şu ýyl hem esgerleriň harby gullukdan boşamagy, şol esgerleriň hossarlarynyň esgeriň gulluk edýän harby bölümindäki ofiserlere nä derejede para-peşgeş berjegine bagly bolar. Köpräk, lomaýrak para-peşgeş berenler-ä eýýäm oktýabr aýynyň 20-sinden gijä galman boşadylar, garyp-gasaryň çagasy, ýagny para-berim bermäge güýji ýetmedikler hem 31-nji dekabrda çenli-de saklanyp bilner” diýip, Bugaýew aýtdy.

Esgerler 1-nji oktýabr – 31-nji dekabr aralygynda harby gullukdan boşadylýar.

Synçy Garaşsyzlyk baýramynyň oktýabrdan sentýabrda geçirilmeginiň bu ýyl harbylaryň öňki ýyllara garanyňda gullukdan has ir boşamaklaryna mümkinçilik döredýändigini aýtdy.

“Öňki ýyllarda Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy 27-nji oktýabrda bellenilýärdi. Adatça, 27-nji oktýabr geçýänçä esgerleriň diňe az sanlysy harby gullukdan boşadylýardy. Köpüsi harby parada gatnaşýanlygy üçin, ýa-da bolmasa baýramçylyk günlerinde köçedäki düzgün-tertibe güýçlendirilen gözegçilige goşulýandygy üçin oktýabryň aýagyndan başlanyp, uly boşadylyşyk bolýardy. Bu ýyl welin baýramçylyk eýýäm geçdi. Bu esgerleri eýýämden boşadyp başlamaga mümkinçilik berýär” diýip, Bugaýew belledi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda geçirilen iň soňky Ýaşulylar Maslahatynda Garaşsyzlyk baýramy 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirildi. Türkmenistanda her ýyl garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanyp, harby parad gurnalýar. Onda ýurduň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän harbylar nyzamly ýöriş bilen paratdan geçýär, şeýle-de onuň dowamynda ýurduň armiýasyna degişli harby-tehnikalar görkezilýär.

Azatlygyň habarçylary ýurtda dowam edýän ykdysady ysgynsyzlygyň, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ýurduň goşunyna-da öz oňaýsyz täsirini ýetirendigini habar berip gelýär.

“Soňky döwürde, ylaýta-da, soňky 1-1.5 ýylyň dowamynda Türkmenistandaky goşun bölümlerinde azyk-iýmit ýagdaýynyň pese gaçmagy [we şuňa meňzeşler] bilen baglylykda esgerleriň aladasy belli bir derejede ene-atalaryň boýnuna düşdi. Ene-atalar alys ýoldan ýol söküp, bir welaýatdan başga bir welaýata gelip, şol ýerde gulluk edýän çagalaryny iýdirmeli, geýdirmeli boldular” diýip, Bugaýew belledi.

Iýunyň aýagynda Azatlykda ogly goşunda gulluk edýän türkmenistanly ene-atalaryň esger ogullarynyň yzyndan azyk gatnadyşlary barada maglumat çap edildi.

“Pyýada goşunyň hatarlarynda gulluk edýän esgerleriň azyk üpjünçiligi juda gözgyny. Olara berilýän iýmit ýagsyz, tomatsyz, suwa gaýnan bugdaý ýarmasy bolup, esgerleriň witamin ýetmezçiliginden dürli kesellere sezewar bolýandyklary aýdylýar” diýip, Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy ýazýar.

Şeýle-de, Türkmen goşunynda dört sagatlyk rugsada, ýagny erkinlige çykjak esger üçin 200 manat para soralýandygy barada iýul aýynda maglumat berildi.

Aşgabatly synçy raýatlaryň harby gulluga çagyrylmagynda-da korrupsiýanyň möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy:

“Harby gulluga çagyrmakda-da para-peşgeş ýylyň-ýylyna orta düşýän ýagdaý. Her kim öz çagasyny özüniň golaýragyndaky, öz welaýatyndaky, juda bolmasa, goňşy welaýatyň aýak ýeter ýerindäki harby bölümlerde gulluk etdirmek üçin. Ozaly bilen etraplardaky, şäherlerdäki harby komissariýata para-peşgeş berýärler” diýip, Bugaýew belledi.

Bitarap Türkmenistanyň döwlet resmileri ýurduň goranyş häsiýetli goşunynyň güýçlendirilýändigini, şeýle-de ýurduň ähli pudaklarynda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş alnyp barylýandygyny öňe sürýär.