Obasenagat toplumyny özgertmek teklip edilýär, eýsem, bu 'özgerişler' daýhanlara nähili täsir eder?

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisinde eden çykyşynda ýurduň oba hojalyk ulgamynda bitirilýän işleriň netijelerinden nägile boldy. Ol obasenagat toplumynyň işini üýtgedip gurmakdan söz açyp, bu ugurda käbir teklipleri öňe sürdi.

Prezident “dü­şe­wünt­siz daý­han bir­le­şik­le­ri­niň oba ho­ja­lyk ýer­le­rini alyp, has go­wy iş­le­mä­ge ukyp­ly önüm ön­dü­ri­ji­le­re be­rmek” barada, ýerleri isleg bildirýänlere 99 ýyl möhlet bilen bermek hakynda, bölünip berlen ýerleriň 70 prosentine gowaça we bugdaý ekmek, galan 30 prosentine beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek dogrusynda gürrüň etdi.

Berdimuhamedow ýurduň agrosenagat toplumy bilen baglylykda başga-da käbir teklipleri hödürledi.

Azatlyk Radiosy hödürlenen teklipleriň ilata ýetirýän täsiri, olaryň many-mazmuny dogrusynda Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkmenistanda obasenagat toplumyny özgertmek teklip edilýär, eýsem, bu “özgerişler” ilata nähili täsir ýetirer?