Stambulda täze türkmen pasportunyň berilýändigi barada bildiriş ýaýradyldy

Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Soňky günlerde sosial mediadaky ýapyk toparlarda Türkiýedäki köne pasportly türkmenistanly migrantlara täze pasport almaga mümkinçiligiň döredilendigi barada bildiriş ýaýradyldy we olara şereketden maglumat almagy üçin telefon belgisi hödürlendi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky biri-birinden tapawutly çeşmelerinden Türkmenistanyň täze daşary ýurt pasportuny getirip berýän araçylaryň bardygy hakynda maglumatlar gelip gowuşupdy we redaksiýamyz şondan bäri bu temanyň üstünde işledi.

Türkmenabatlydygy aýdylýan Jumagül Kurbanowa atly zenanyň “Imo”ulgamyndaky toparda türkçe ýaýradan bildirişinde: “Köne pasportly türkmen ýoldaşlara! Köne pasportly türkmenleriň zagran (täze) pasporty almagyna mümkinçilik döredi. Jikme-jik maglumat almak üçin şereketimize geliň” diýip, telefon belgisi ýazylypdyr.

Azatlyk Radiosy bildirişdäki telefon belgisi arkaly bu ugurda jikme-jik maglumat almaga synanyşdy. Türkmenistanly zenan sowallara: “Karar ýaňy çykdy. Karar araçy şereket tarapyndan kabul edildi. Paýlaşan bildirişimi araçy firma maňa iberdi. Olardan sorap soň size jikme-jik maglumat bererin, garaşyň” görnüşinde jogap berdi.

Beýleki tarapdan, anonim ýagdaýda redaksiýamyza ýüz tutan bir türkmen migrant zenany özüniň Stambuldaky araçylaryň üsti bilen täze pasport alandygyny, howpsuzlyk sebäpli elindäki pasportuň suratyny ibermekden saklanýandygyny bildirdi.

Onuň gürrüň bermegine görä, bu iş bilen Stambulyň Kadyköý diýen ýerde ýerleşýän bir araçy şereket meşgullanýar. Ol firma täze pasport üçin 3100 amerikan dollary möçberinde pul soraýar. Täze pasport almak isleýänler bu tölegiň ýarysyny öňünden bermeli. Şereket täze pasporty 15 günde soň Türkmenistandan getirip berýär.

“Ony alanymdan soň içimde şübhe döredi. Sebäbi pasportuň sahypalaryndaky deşilen belgileriň deşikleri hemme sahypada birmeňzeş däl ýagny olar biri-birine gabat gelmeýär. Maňa berlen täze pasport ýasama ýaly. Özümi aldawa düşürilen ýaly duýýaryn. Indi Türkmenistana gitmäge hem gorkup otyryn” diýip, zenan gürrüň berýär.

Aktiwist Rozubaý hem, Stambulda berilýändigi aýdylýan täze türkmen pasportlaryndan birini özüniň hem görendigini aýtdy.

“Onuň içinde köne pasport bilen Türkmenistanyň aeroportyndan çykyp gaýdan mahalyň goýulýan möhürleriň hemmesi hem urlan. Haýsy welaýatdan berlen bolsa, şol welaýatyň ýolbaşçysynyň goly we möhüri hem bar. Ýöne pasportda şübhe döreden ýerler boldy. Sahypalaryň ýokarysynda ýörite deşikler bilen ýazylan welaýatyň we pasportuň belgisiniň deşikleri biri-biri bilen gabat gelenok. Mundan başga-da, özümdäki täze pasportuň sahypasy gatyrak bolsa, onuň sahypalary juda ýumşak görnüşde ýasalan” diýip, Rozubaý maglumat berdi.

Azatlyk Radiosy bu tema boýunça Stambulda hukuk geňeşdarlygy hyzmatyny berýän "Türkpermit“ firmasynyň başlygy Murat Erşahinden maglumat sorady.

Ol türkmenistanly migrantlary aldawa salýan araçylaryň her alty aýdan şuňa meňzeş bildirişleri ýaýradýandygyny öňe sürdi. Erşahin daşary ýurtlarda pasport bermäge araçylaryň däl, eýsem diňe türkmen konsulhanasynyň ygtyýarlydygyny aýtdy. Çarşenbe güni işlemeýändigi sebäpli türkmen konsulhanasynyň Stambulda peýda bolandygy öňe sürülýän täze türkmen pasportlary hakyndaky garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.