24 – 25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisi 24-nji sentýabrda öz işine başlamady. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi geňeşiň başlamaly wagtynyň 25-nji sentýabra süýşürilendigini gümürtik habar berdi. Bu habar barada ýurduň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” telewizion kanalynda 1 sözlem bilen, ekranyň aşaky böleginde ýazmaça mälim edildi.
Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 2:59-da "Altyn Asyr" döwlet telekanalynda efire berlen Maslahatyň mahabat wideosynda, ekranyň aşaky böleginde “Türkmenistanyň Halk Maslahaty 25-nji sentýabr” diýen ýazgy peýda boldy.
Beýleki bir tarapdan, geňeşiň wagtynyň yza süýşürilendigi, ýa-da onuň geçirilmeli wagtynyň gysgaldylandygy barada mundan ozal resmi metbugatda maglumat berilmedi.
24-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 3:00-de efire berlen “Watan” habarlar gepleşiginde Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisine gatnaşyjylaryň Aşgabada ýygnanandygy barada wideo reportaž efire berildi. Ýöne, onuň dowamynda-da, çäräniň başlamaly wagtynyň bir gün yza süýşürilendigi barada gürrüň edilmedi.
Maslahatyň başlamaly wagtynyň yza süýşürilendigi barada döwlet mediasynda peýda bolan gümürtik habardan ýarym sagat çemesi ozal, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan paýtagtly synçy Amanmyrat Bugaýew özüniň ynamdar çeşmelerine salgylanyp geňeşiň bu gün, 24-nji sentýabrda başlamandygyny habar berdi.
“Türkmenistanda indi näçe wagtdan bäri aýdylyp gelinýän senede Halk Maslahaty öz işine başlamady. Indi tas bir ýyla ýakyn wagtdan bäri, täzeden dikeldilen Halk Maslahatynyň 1-nji ýygnanyşygynyň Aşgabatda 24-nji sentýabrda geçiriljekdigi hakynda aýdylyp gelinýärdi, ýöne şu gün şol Halk Maslahaty açylmady. Oňa derek Aşgabadyň Olimpiýa şäherjigindäki Olimpiýa stadionynda uly medeni-sport çäresi dowam edýär. Şu bilen baglylykda Aşgabat şäheriniň protokol köçeleriniň ählisi ýapyk dur” diýip, Bugaýew belledi.
Synçy beren gürrüňinde häzirki wagtda agzalýan köçelerde köpçülikleýin transport serişdeleriniň gatnawynyň hem göze ilmeýändigini aýtdy.
Ondan has irräk "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, gürrüňi edilýän geňeşiň 24-nji sentýabrda başlamandygyny, onuň 25-nji sentýabrda gysgaldylan formatda geçiriljekdigini habar beripdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisiniň 24 – 25-nji sentýabrda Aşgabadyň Ruhyýet köşgünde guramaçylykly geçirilmegi barada Prezident Berdimuhamedow 5-nji iýulda degişli permana gol çekipdi.
Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisinden, eýsem ilat nämälere garaşýar?
Aşgabatly synçy bu soraglara-da jogap berdi:
“Barybir çözüljek hiç zat bolmaz, halkam hiç zada garaşanok, şundan dogrusy, meniň özümem hiç zada garaşyp baramok. Sebäbi, öňki ýyllaryň tejribesinde, indi az däl, 27-28 ýylyň tejribesi görkezdi, gaýtam jemgyýete ýetirýän ykdysady süýrenjeňlige alyp barmagyndan ýene gaýrydan başga-da bu ruhy taýdan hem jemgyýete uly zarba urýar” diýip, Bugaýew belledi.
Synçy sözlerini delillendirip, maslahata gatnaşyjylaryň geňeşiň dowamynda “baş egip edýän tagzymlarynyň ýaş nesli ruhy elgaramalyga, hem-de ruhy göýdüklige iterýändigini”, olara “lepbeýçilikde” oňlarlyksyz nusga bolýandygyny aýtdy.
Adatça, Türkmenistanda geçirilýän şeýle geňeşleriň dowamynda çykyş edýän ýaşuly nesil we beýleki gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda döwlet syýasaty boýunça öwgüli sözlerini beýan edýärler.
Türkmenistanyň döwlet durmuşynda Halk Maslahty garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap möhüm rol oýnap geldi. Ol ýurduň 1992-nji ýylda döredilen Konstitusiýasy bilen kanuna doly berkidilip işe girizildi. 1991-nji ýyldan ozal şeýle organ Türkmenistan SSR-niň Ýokary soweti atlandyrylýardy.
Ýurt başyna Berdimuhamedow geçenden soň, 2008-nji ýylda Halk Maslahaty ýatyrylyp, onuň deregine Ýaşulylar Maslahaty döredildi, hem-de oňa döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetli meseleler boýunça maslahat beriji organ statusy berildi.
Ýöne 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen iň soňky Ýaşulylar maslahatynda Halk Maslahaty täzeden dikeldildi. Şol ýylyň 9-njy oktýabr güni Türkmenistanyň 2016-njy ýylda täzeden rejelenen Konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizilip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Konstitusion kanun kabul edildi.
Degişli kanun Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak we beýleki käbir wajyp ýörelgelere esaslanýandygyny aýdýar.
Ýaşulylar Maslahatynyň geçen ýyl geçirilen iň soňky geňeşinde ýurtda ilatyň gaz, tok we suw bilen ýeňillikli üpjünçiligi ýatyryldy.