Garaşsyzlygyň öňýany býujet işgärleri "yzy-üzülmeýän" ýowarlardan zeýrenýär

Şu günler Aşgabatda Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk çäreleri güýçli depginde alnyp barylýar. Taýýarlyklaryň esasyny şäherde arassaçylyk işlerini geçirmekligiň düzýändigini görse bolýar.

Edara-kärhanalaryň işgärleri edara jaýynyň daş-töwereginde arassaçylyk işlerini geçirseler, seýilgählerde baglary timarlap ýören işgärlere gözüň düşýär.

Taýýarlyklaryň çäginde köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna çenli kran diräp, ýaşaýyş we edara jaýlarynyň daşlaryny abatlap ýören işgärlere hem görse bolýar.

Ýoluň kenarynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar

Ýowar sebäpli, "işe geleniňde iş eşigini geýip geljegiňi hem bileňok, ýa bolmasa, “gara işe” geýilýän köne-küşül eşigiňi geýip geljegiňi hem bileňok" diýip, edara-kärhanalaryň käbir işgärleri zeýrenýär.

Ýowarlarda agaçlaryň daş-töweregine serenjam berilýär.

Köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň daşlary timarlanýar

Köçeleriň ugrunda ýerleşýän haýatlar timarlanýar

Garaşsyzlyk günlüne taýýarlyk çäreleriniň çäginde Aşgabatda edara-kärhanalaryň işgärleri ýowarlara çekilýär