Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka etjek saparynda “Pagta kampaniýasy” protest meýilleşdirýär

Labap welaýatynyň pagtaçylary, 2104-njy ýyl (Illýustrasiýa suraty)

Halkara hukuk toparlary türkmen prezidentiniň Nýu-Ýorka edýän saparyna gabatlap Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy 1-nji oktýabrda protest çäresini geçirmegi meýilleşdirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabr – 2-nji oktýabr aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýorka sapar eder.

Agzalýan protest çäresini Türkmenistandaky we Özbegistandaky mejbury zähmete garşy göreşýän “Pagta kampaniýasy” atly halkara koalisiýa, “Freedom United” atly adam gaçakçylygyna we gulçulyga garşy iş alyp barýan topar, hem-de “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” proýekti gurnaýar.

Topar meýilleşdirilýän nägilelik çäresi barada Facebook sosial ulgamynda bildiriş ýaýratdy.

Onuň mazmunynda Türkmenistanyň pagta senagatynda sistematiki mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etmäge çagyryş edilýär. Pagta möwsüminde türkmen hökümetiniň býujet işgärlerini, mugallymlary, doktorlary we şepagat uýalaryny mejbury zähmete çekýändigi nygtalýar. Galyberse-de, bildirişde çagalaryň Türkmenistanyň pagta önümçiligine mejbury gatnaşdyrylýandygyna ünsi çekilýär.

“Geliň, mejbury zähmetiň dowam etmegini biziň goldamaýandygymyzy Türkmenistanyň prezidentine görkezeliň!” diýip, bildirişde aýdylýar.

Ýurduň regionlarynda bu ýylky pagta ýygym möwsümine resmi derejede sentýabr aýynda badalga berildi. Azatlyk Türkmenistanyň dürli regionlarynda dowam edýän mejbury pagta ýygym kampaniýalary barada habar berip gelýär.

Awgustyň aýagynda Azatlyk “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşirine salgylanyp, Mary we Lebap welaýatlarynda häkimiýetleriň býujet işgärlerini mejbury pagta ýygymyna çekmek çärelerine 15-nji awgustda girişendigini habar berdi.

Habarda ilkinjilik bilen döwlet edaralarynyň tehnik işgärleriniň; mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň, egirme-dokma fabrikleriniň, öý dolandyryş edaralarynyň, poçta gulluklarynyň, banklaryň we beýleki edaralaryň işgärleriniň pagta meýdanlaryna mejbury çekilýändigi barada maglumat berildi.

Şol sanda, Demirgazyk Türkmenistanda güýçli depginde mekdep okuwçylarynyň mejbury pagta ýygyma çekilýändigi barada Azatlygyň ýurduň içindäki habarçysy 10-njy sentýabrda maglumat berdi:

“Daşogzuň Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynyň oba we şäher mekdepleriniň 7-nji klasdan başlap, ähli okuwçylary [günortan] sagat 12:00-ä çenli okadylyp, soňra pagta ýygymyna kowulýar” diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýyl Daşoguzda himiki derman ýetmezçiligi sebäpli gowaça ýapraklary býujet işgärlerine elde mejbury ýolduryldy.

Ýurtda dowam edýän pagta möwsümi bilen bagly Daşoguzda 16-njy sentýabrda geçirilen resmi “ak kerwen” dabarasyna taýýarlyk çärelerine býujet işgärleri bir hepdeläp mejbury gatnaşdyryldy.

Prezidentiň Nýu-Ýorka edýän saparynda Türkmenistanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy protest çäresini geçirmegi meýilleşdirýän toparlar Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonýu Guterrişi ýurduň pagta pudagynda mejbury zähmetiň togtadylmagy boýunça möhüm çäreleri görmäge çagyrýar. Olar munuň bilen bagly 5 maddadan ybarat talaplaryny beýan edýärler.

Toparyň ýaýradan bildirişinde türkmen kanunçylygynyň mejbury çaga zähmetinden peýdalanylmagyny gadagan edýändigi, ýöne Türkmenistanda degişli kanunçylygyň iş ýüzünde amal edilmeýändigi nygtalýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda 1-nji oktýabrda, günüň birinji ýarymynda çykyş etmegine garaşylýar.

Türkmen döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, saparyň dowamynda Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşygy hem göz öňünde tutulýar.