Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitaplaryň dördüsi GDA ýurtlarynyň “Kitap sungaty” 15-nji halkara bäsleşiginiň abraýly baýraklaryna mynasyp boldy diýip, TDH 10-njy sentýabrda çap eden habaryny ýene bir gezek gaýtalady.
Neşiriň maglumatyna görä, 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen bäsleşikde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby “Medeniýetleriň söhbedi” ugrunda I derejeli diploma mynasyp boldy.
Bu diplom anna güni, hökümet maslahatynyň dowamynda, wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredow tarapyndan döwlet baştutanyna "dabaraly ýagdaýda gowşuryldy".
Golaýda fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Berdimuhamedowa onuň bu kitabynyň fransuz diline terjime edilen nusgasyny sowgat berdiler.
Mundan öň TDH “Meniň ýurdum” nominasiýasy boýunça abraýly bäsleşigiň ýeňijileriniň hataryna “Arkadag taglymaty — sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly kitabyň – ýagny G.Berdimuhamedow hakyndaky eseriň hem girendigini habar beripdi.
Neşiriň maglumatyna görä, “Çagalar we ýetginjekler üçin kitaplar” nominasiýasynda “Türkmen halk ertekileri” atly kitap 2-nji derejeli diploma eýe boldy; “Okuw edebiýaty we bilim” nominasiýasy boýunça “Gürgenç — Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi” atly kitap 3-nji derejeli diploma eýe boldy.
Türkmenistanda basym 27 ýyllygy belleniljek garaşsyzlyk ýyllarynda esasan iki ýazyjynyň – Saparmyrat Nyýazowyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary köp çap edildi we öwüldi.
Prezident Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolaly bäri 40 töweregi kitap ýazdy we olaryň köpüsi birbada üç dilde - türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edildi.
Şol bir wagtda Türkmenistanda okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçilik edýändigi, onlarça ýazyjynyň adynyň “gara sanawa” girizilip, kitaplarynyň asla çap edilmeýändigi aýdylýar.