TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşmak üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar etjekdigini habar berýär.
Döwlet baştutany anna güni geçiren hökümet maslahatynyň dowamynda öz baştutanlygyndaky hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň we ýanynda bolýan adamlaryň sanawyny tassyklady.
Neşiriň maglumatyna görä, saparyň çäklerinde Türkmen-amerikan işewürler geňeşi görnüşinde duşuşyk guramak nazarda tutulýar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýyllyk adam hukuklary hasabatlarynda Türkmenistan ýylyň-ýylyna adam hukuklaryny gödek bozmakda tankyt edilýär.