Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çäginde ýerleşýän Zelili geňeşligindäki “Berkarar zaman” obasynyň Azatlyk Radiosy bilen anonim görnüşde habarlaşan onlarça ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, bu ýerde ipoteka esasly kredit göterimleri yzygiderli ýagdaýda ýokarlanýar. Güzeranyny aýlamakda kynçylyk çekýän käbir maşgalalar jaý töleglerine gurby çatman, başga ýere göçmäge mejbur bolýarlar.
Ýaşaýjylaryň we golaýda tomusky dynç alyşdan dolanan Türkiýede okaýan studentleriň aýtmagyna görä, “Berkarar zaman” obasynda bir otagly jaýyň 2016-njy ýylda kesgitlenen takmynan bahasy owalky puldan 80 million manat, iki otagly jaý 100 million manat, üç otagly jaý 120 million manat, dört otagly jaýyň bahasy hem 140 million manat.
Aýdylmagyna görä, “Berkarar zaman” obasyndan kredit bilen täze jaý aljak bolsaň, maşgalaňda iň azyndan üç adam döwletde işleýän bolmaly. Ipoteka esasly berilýän kreditiň möhleti 20 ýyllyk. Jaýy satyn almak üçin onuň umumy gymmatynyň 40 göterimini öňünden tölemeli. Bu ýerde gaty agyr şertler talap edilýär. Meselem, owaly bilen taşlajak jaýyňa özüň müşderi tapmaly we şertnamany öz üstüne alar ýaly ony edara eltmeli. Jaýy başga biriniň adyna geçirmek we öz boýnuňdan aýyrmak prosedurasy üçin talap edilýän tölegiň mukdary hem owalky puldan 50-60 million, ýagny täze puldan 10000-12000 manat.
"Şeýle çykdaýjyly bolýandygyna garamazdan, sypsa kaýyl bolup, goňşy etraplara göçmegi başaranlaryň sany häzir 5-6 maşgala. Soň jaýy tabşyranyň bilen hem senden talap edilýän pul munuň bilen gutaranok. Jaýy tabşyranyňdan soň, resmiler senden näçe wagt ýaşan bolsaň, şol möhletiň her aýyna 150-160 amerikan dollary möçberinde kireý tölegini kesýärler. Lebap welaýatynyň merkezindäki öý goşly 4 otagly jaýlaryň aýlyk kireý bahasy 110 amerikan dollaryny geçmeýär” diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan ol ýerdäki jaýyny tabşyran diňleýjimiz aýdýar.
Zelili geňeşliginiň ençeme ýaşaýjysynyň sözlerine görä, resmiler "Kreditleriňizi töläp bilmeýän bolsaňyz, jaýlary tabşyryp ötä gidiň. Türkmenistanyň merkezi bankynda häzir serişde ýok. Haçan-da bize pul iberilende ýa-da öz tapan müşderiňiz puly geçirende, siziň tölegiňizi yzyna gaýtaryp bereris. Şoňa çenli garaşmaly bolarsyňyz, biziň elimizden gelýän iş ýok” diýip, jogap berýärler.
"Ol ýerden göçmek isleýän onlarça ýaşaýjy häzir ynha şeýle görnüşde çykgynsyz ýagdaýa duçar edildi. Sebäbi prezident gelende kagyz ýüzünde jaýlaryň hemmesi satylan ýaly edip görkezildi. Ýöne jaýlaryň hemmesinde ýaşaýan ýok. Munuň iki sebäbi bar. Birinjisi jaýlaryň gurluşygy hususy firmalara berildi welin, olar gurluşyk materiallarynyň belli bölegini töwerekdäki etraplara satyp, döwrebap obadaky jaýlaryň hilini peseltdi. Ikinjisi, hiliniň pesdigine garamazdan “Berkarar zaman” obasyndaky jaýlar juda gymmat, ýagny halk üçin elýeterli däl. Häzir Lebap welaýatynyň islendik ýerinde özüň mülk alyp, jaý salsaň has arzan bolşy ýaly hili hem gowy bolýar. Jaýlaryny taşlap göçjek bolýan köp maşgala häzirki çykgynsyz ýagdaýda, indi näme etjegini we kime ýüz tutjagyny bilmeýär. Prezidentiň bu ýagdaýdan habary barmyka?” diýip, Halaç etrabynyň Zelili geňeşliginiň käbir ýaşaýjylary Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow 2016-njy ýylda Lebap welaýatyna gurnan saparynda, Halaç etrabynyň Zelili geňeşligindäki şäher görnüşli şol täze döwrebap obanyň açylyş dabarasyny 8-nji iýulda amala aşyrypdy.
Sözi jemlesek, käbir ýaşaýjylaryň beren maglumatyny Türkiýede işleýän halçly zähmet migrantlary we okaýan studentler bilen bir hatarda Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri hem tassyklaýarlar. Ýöne degişli resmilerden bu ugurda nähilidir bir maglumat almak Azatlyk Radiosyna häzirlikçe başartmady.