Daşoguzda azyk we beýleki harytlaryň nyrhlary ýene-de ýokarlanýar, dollar 20 manatdan aşdy

Aşgabadyň söwda tekjelerinde görkezilýän gök önümler (Illýustrasiýa suraty)

Demirgazyk Türkmenistanda azyk we beýleki harytlaryň bahalary ýene-de ýokarlandy. Azatlygyň regiondaky habarçysy harytlaryň nyrhlary boýunça iň soňky maglumatlary ýetirýär.

Ol şu gün Daşogzuň “gara bazarynda” 1 dollaryň 20 manat 20 teňňeden satyn alnyp, 20 manat 60 teňňe – 21 manat aralygynda satylýandygyny habar berdi.

Häzirki wagtda regionyň ilaty, il arasynda “banka ýapmak” atlandyrylýan möwsüme girişdi.

“Ýerli ýaşaýjylar gyşa taýýarlyk maksady bilen, ätiýaç üçin gök we bakja önümlerini bankalarda ‘konswerwalaýarlar’” diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne onuň sözlerine görä, bazarlarda gök we bakja önümleriniň bahasynyň aşa ýokarlanmagy ilatyň “banka ýapmak” mümkinçiliklerini çäklendirýär.

Habarçy degişli önümleriň bahalary barada maglumat berdi:

  • 1 kilogram pomidor: 10-15 manat aralygynda
  • 1 kilogram käşir: 10 manat
  • 1 kilogram bulgar burçy: 10 manat
  • 1 kilogram garpyz: 4 manat

“[Bu harytlary] satyn almak üçin daşoguzlylarda pul ýok” diýip, ol ýerli ýaşaýjylaryň maliýe ýetmezçiligi boýunça il arasyndaky arzy-şikaýatlaryna ünsi çekdi.

Bir hepde mundan ozal iň arzan pomidoryň kilogramy 9-10 manat aralygynda bahalanýardy.

Habarçy bazarlara aýlanyp, süýt önümleriniň bahalary bilen gyzyklandy:

“Daşoguzly telekeçileriň ýörite gaplarda satýan süýdüniň 1 litri 10 manat, ýerli daýhanlaryň bazara çykarýan süýdüniň 1 litri 7-8 manat” diýip, ol aýtdy.

Ol hoz we beýleki ir-iýmişler barada gürrüňe dowam etdi:

“1 kilogram hoz 200 manat, kakadylan gury erigiň 1 kilogramy 80 manat” diýip, habarçy aýtdy.

Ol pensionerleriň 250 manat töweregindäki pensiýa haklarynyň köp harydy satyn almaga ýetmeýändigini aýdýandyklaryna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň geçen iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, ýurtda iň pes pensiýa haky şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 280 manat (resmi kursdan 80 dollar, gara bazarda 15 dollar) möçberinde kesgitlenipdi.

Azatlygyň habarçysy Daşogzuň bazarlarynda san taýdan alyjylaryň azalýandygyny, şol sanda satyjylaryň hem seýrekleýändigini aýtdy.

Ol Coca-Colanyň hem-de temmäki önümleriniň bahalary we olaryň hili baradaky maglumatlar bilen gürrüňe dowam etdi:

“Türkmenistanda öndürilen 1.5 litrlik Coca-Cola 25 manat, Gazagystanda öndürilen 1.5 litrlik kola 52 manat” diýip, ol belledi.

Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme türkmenistanly kolanyň, hususan-da toý-märekelerde, baýramçylyk döwründe geçginli haryda öwrülýändigini, onuň myhman saçagynyň bezegidigini aýdýarlar.

Habarçynyň maglumatlarynda regionda temmäki önümleriniň söwdasy bilen bagly ýagdaýlara-da üns çekilýär:

“Häzirki wagtda döwlet dükanlarynda 1 guty çilim 85 manatdan, hususy dükanlarda 100 manatdan bahalanýar. Şeýle-de Özbegistanyň çilimleri hem satylýar; onuň 1 gutusynyň bahasy 140 manat, emma çilimkeşler gymmadam bolsa özbekden gelen çilimleri satyn almagy makul hasaplaýarlar” diýip, habarçy aýtdy.

Ol Özbegistandan getirilýän çilimiň 1 gutusynyň 15 gün çekmäge ýetýändigini sözüne goşdy.

Türkmenistanyň prezidenti 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda ýurtda temmäki önümleriniň ähli görnüşiniň söwdasyny gadagan etdi. Şeýlelikde Türkmenistan dünýäde temmäkiniň satuwyny gadagan eden ikinji ýurt boldy. Ondan ozal Butan döwleti dünýäde temmäkiniň ähli görnüşiniň söwdasyny gadagan eden ýeke-täk döwletdi. Butan döwletinde Bagtyýarlyk ministrligi hem bar, heniz Türkmenistanda şeýle ministrlik döredilmedi, ýöne ýurduň resmi ideologiýasynda “bagtyýarlyk”, “berkararlyk”, “sagdyn durmuş” ýaly terminler yzygiderli tekrarlanýar.

Azatlygyň habarçysy golaýlaýan Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisiniň, ýa-da ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramynyň Daşoguzdaky bahalara täsir etmeýändigini aýtdy:

“Daşoguzda gaýtam tersine, baýramçylyk bahanasy bilen azyk we beýleki harytlaryň bahalary 20-30 % gymmatlady” diýip, ol belledi.

Şu günler ýetip gelýän garaşsyzlyk baýramynyň, hem-de paýtagtda geçiriljek Halk Maslahatynyň 1-nji mejlisiniň öňüsyrasynda Aşgabadyň söwda nokatlarynda arzanlaşyk göze ilýär.