Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynda çagalar güýçli depginde mejbury pagta ýygymyna çekilýär.
“Şu gün Daşogzuň Nyýazow, Ýylanly, Görogly we Boldumsaz etraplarynyň oba we şäher mekdepleriniň 7-nji klasdan başlap, ähli okuwçylary [günortan] sagat 12:00-ä çenli okadylyp, soňra pagta ýygymyna kowulýar” diýip, Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 10-nji sentýabrda maglumat berdi.
Ol kä etraplarda okuwçylara hatda günortanlyk edinmäge-de rugsat berilmändigini, bellenen wagtda dessine egin-eşiklerini çalşyrmaga wagt berlip, olaryň gyssagly ýygyma çekilendigini nygtady.
“Çagalaryň mejbury pagta ýygymyna çekilmegi soňky ýyllarda bu derejede köpçülikleýin [häsiýetde] göze ilmändi” diýip, habarçy türkmen häkimiýetleriniň mejbury zähmetde baryp ýeten täze “derejesine” ünsi çekdi.
Ol bu ýagdaýy 16-njy sentýabrda geçiriljek “ak kerwen” dabaralaryna taýýarlyk işleriniň talaplary bilen, hem-de býujet işgärleriniň ýurtda geçirilýän awtorallä çekilmegi bilen düşündirdi.
“16-njy sentýabrda geçiriljek “ak kerwen” dabaralarynda [pagtadan] doldurylan ýük maşynlaryndan kerwen ýasap, ‘bir günde ýygylan pagta’ diýip, görkezmek üçin mejbury taýýarlyk görülýär” diýip, habarçy ýerli synçylara salgylandy.
“Müňlerçe býujet işgäri “Amul-Hazar” ýaryşynyň geçirilýän ýerlerine äkidildi, ýygymçy el güýji azaldy” diýip, habarçy mejbury zähmetiň resmi guramaçylaryna atsyz salgylandy.
Ol azalýan “el güýjüniň” beýleki bir sebäbine-de degip geçdi:
“Şäherleriň we obalaryň köp sanly ýaşaýjylary köpçülikleýin iş gözleginde daşary döwletlere gitdiler, [ýygyma] adam ýetenok” diýip, habarçy aýtdy.
“Okuwçylar taýýar ýygymçy” diýip, ol sözüne goşdy.
Habarçy obahojalyk boýunça ýerli hünärmeniň sözlerine salgylanyp, bu ýyl pagtanyň bereketiniň ýokdugyny belledi.
Demirgazyk regionyň etraplarynda we oba ýerlerinde mejbury pagta ýygymyna çekilýän okuwçylar adaty köpçülikleýin transport serişdelerinde däl-de, oba hojalyk tehnikalarynda daşalýar.
“Bu çagalaryň ömrüne howp abandyrýar, ýöne olary ýörite awtobuslarda däl-de, traktorlaryň teleşkalarynda ýygyma daşaýarlar” diýip, habarçy bu ýagdaýyň üns çekýändigini nygtady.
Onuň sözlerine görä, mekdep okuwçylary hatda çala açylan pagta meýdanlaryna-da sürülýär.
Halkara hukuk guramalary Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmete ýol berilýändigini ýylyň-ýyly gaýtalap gelýär.
Türkmen resmileri muny ret edýär.
Ýöne häkimiýetler pagtany Sowet döwründe-de, özbaşdak Türkmenistanda-da raýat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwürdiler, hatda munuň wagzyny mekdeplerde okadylýan okuw kitaplaryna-da içgin girizdiler. “Pagta çigidin ekdik mekdep ýanynda / Güberçekläp çykdy bahar aýynda” diýen setirleri we beýleki goşgulary Ene dili kitaplaryna girizip, olaryň mazmunyna okuwdan soň pagta meýdanlarynda ene-atasyna pagta ýygmaga kömek edýän kiçi ýaşly okuwçylar baradaky hekaýalary girizdiler.
Synçylar ýurtda adam hukuklarynyň basgylanmagyna, şol sanda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy hereket edýän mehanizmleriň öz funksiýasyny doly ýerine ýetirmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň, ýagny Adalatçynyň 2017-nji ýylyň jemleri boýunça ýaýradan hasabatynda pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmet barada gürrüň gozgalmaýar.
Bu ýyl Türkmenistanda pagtaçy kärendeçiler döwlete 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak bilen borçlandyryldy.