Owgan türkmenleri milli eginbaş aladalaryny bildirýärler

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Dünýä türkmenleriniň arasynda sosial mediada edilýän gürrüňlerde Owganystandaky diasporanyň erkek adamlarynyň eşiginiň näme üçindir goňşy halklaryňka meňzeýändigi, ýagny üýtgändigi barada dürli garaýyşlar öňe sürülýär.

Owganystandaky türkmenleriň käbiri ýurtda geýilýän erkek geýiminiň owgan eginbaşy däl-de, gadymy türkmen geýimidigini öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, diasporanyň käbir ýaşlary bu pikir bilen ylalaşmaýarlar we ýurtda milliligiň ýitip barýandygyny aýdýarlar.

Beýleki tarapdan, soňky 3 ýylda toýlarda türkmen milli eşiklerini geýmegiň we edil Türkmenistandaky ýaly gelinaljy ulagyny bezemegiň ýörgünli bolandygyny nygtaýanlar hem bar.

Eýsem, owganystanly türkmenleriň erkek eginbaşlary üýtgäpdirmi? Häzirki döwürde ol ýerde türkmenleriň nähili milli geýim kynçylyklary bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň bu sanyny Owganystan türkmenleriniň milli geýim kynçylyklaryna gönükdirýär.

Gepleşigi diňläp, bu ugurdaky garaýşyňyz bilen tejribeleriňizi aşakdaky foruma teswir görnüşinde ýazyp bilersiňiz.