Hytaý özüniň esasan musulmanlardan durýan azlyk ilaty bolan uýgurlara garşy “adam hukuklaryny bozmak boýunça köpçülikleýin, sistematik kampaniýa” alyp barýar diýip, “Human Rights Watch” guramasy aýdýar.
Düýbi Nýu-Yorkda ýerleşýän adam hukuklary guramasy 10-njy sentýabrda çykaran hasabatynda Sinjiang regionynda Hytaý hökümeti tarapyndan “adamlaryň eden-etdilik bilen tussag edilmegi, gynalmagy, olara ýaramaz çemeleşilmegi we olaryň gündelik durmuşyna hemmetaraplaýyn kontrollyk edilmegi” hakda subutnama görkezýär.
Hasabata Birleşen Milletler Guramasynyň jynsy kemsidişi aradan aýyrmak baradaky komiteti seslenme bildirdi. Ol 10-njy awgustda uýgurlar Hytaýda “ekstremizme garşy merkezlerde” saklanýar, millionlarçasy zor bilen gaýtadan tälim alyş lagerlerine dykylýar. Hytaýyň uýgur regiony “giň tussag lagerine öwrülene çalymdaş” diýip beýanat berdi.
Soňky hasabatda “Human Rights Watch” guramasynyň Hytaý boýunça direktory Sofiý Riçardson Hytaý hökümeti Sinjiangda “onlarça ýyllaryň dowamynda görlüp-eşidilmedik derejede adam hukuklaryny aýak asty edýär” diýdi.
“Sinjiangda alnyp barylýan repressiýa kampaniýasy Hytaýyň bu kemsitmeleri bes etmegi üçin Birleşen Milletler Guramasy bilen beýleki hökümetleriň onuň garşysyna sanksiýa girizip-girizmezligi hakda esasy synag bolup durýar” diýip, Riçardson aýtdy.
Hasabatda daşary ýurt hökümetleri Hytaýyň we onuň hereketlerine garşy, şol sanda bu işe jogapkärleriň “garşysyna gönükdirilen sanksiýalara”, köptaraplaýyn hem birtaraplaýyn hereketlere geçilmegine çagyrylýar.
Hytaýyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Geng Şuang 10-njy sentýabrda beren gysgaça maglumatynda hasabata giňişleýin jogap bermekden saklanyp, “Human Rights Watch” guramasynyň hasabaty Hytaýa garşy “nädogry pikirlerden doly” diýip, guramany faktlary ýoýmakda aýyplady.
Ol Sinjiangda görülýän çäreler “durnuklylygy, ösüşi, agzybirligi we eklenji ýokarlandyrmaga” gönükdirilendir, şeýle-de etniki separatizmi we zorlukly terroristik jenaýat işlerini” basyp ýatyrmak üçin diýdi.
Üstümizdäki ýylyň başlarynda Gazagystana gaçyp gelen Hytaý raýaty bir gazak zenan günbatar Hytaýda “gaýtadan tälim beriş lagerleriniň” bardygy hakda kazyýetde çykyş etdi. Ol müňlerçe gazagyň bu ýere ýygnalýandygyny we olara “syýasy indoktrinasiýa” berilýändigini aýtdy.
Saýragül Sauýtbaý bir çagalar bagynda müdir bolup işländigi üçin hökümetiň musulmanlara, şol sanda uýgurlara, etnik gazaklara, gyrgyzlara we huilere täzeden tälim beriş programmasy hakdaky dokumentleri görmäge mümkinçilik tapandygyny belledi.
Hytaý bular ýaly aýyplamalary ret edip, ýurt uzak-günbatardaky region Şinjianda “uly betbagtçylygyň” öňüni aldy diýýär. Ol Sinjiang regionyna yslamçy jeňçilerden we separatistlerden çynlakaý howp abanýandygyny aýdyp, olary hüjümleri gurnap, azlyk uýgurlar bilen köplük han hytaýlar arasynda dartgynlylyk döretmek isleýänlikde aýyplaýar.