Özbegistan “garakçylaryň jennetine” öwrülýärmi?

Bahtiýar Kudratillaýew

Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimow ölüp, Şawkat Mirziýoýew hökümet başyna geçeli bäri, soňky iki ýylyň dowamynda ýurtda köp zat üýtgedi.

Şol özgerişleriň köpüsine oňlarlykly üýtgeşme hökmünde seredilýär. Ýöne şol bir wagtyň özünde ýurtda käbir jedelli negatiw özgerişler hem bolup geçýär. Meselem, özbek häkimiýetleriniň “garaňky şahysýetlere”, şol sanda garaňkylykda güman edilýänlere çemeleşigi muňa mysal bolup biler.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habar bermegine görä, soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Özbegistanda ilkinji gezek “Wor w zakonlaryň”, ýagny “Kanuny garakçylaryň” duşuşygy geçirildi. Öz geçmişini sowet döwründen alyp gaýdýan bu söz guramaçylykly jenaýat toparlaryna ýolbaşçylyk eden, ýa-da edýän türme garakçylary babatda ulanylýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň çeşmeleri Bahtiýar Kudratillaýewiň (aka Bahti Taşkentskiýniň) Gazagystanyň we Orsýetiň “garaňky jenaýatçylaryny” ýurtdaky guramaçylykly jenaýat toparlarynyň gözegçiligini maslahat etmek üçin Özbegistana çagyrandygyny aýdýarlar.

Kerimowyň döwründe şeýle toparlaryň ýurtda örňemegine ýol berilmedi, hem-de olaryň 90-njy ýyllaryň aýagyna çenli soňuna çykyldy. Kudratillaýew bikanun ýarag götermek, bikanun neşe söwdasyny etmek ýaly aýyplamalar bilen jogapkärçilige çekilen-de bolsa ol Özbegistanda galdy. Ol yzly-yzyna tussag edildi, hem-de 2014-nji ýylda, aýdylmagyna görä, saglyk ýagdaýlary sebäpli boşadyldy.

Geçen ýylyň aýaklarynda ýurtda Kudratillaýew bilen ilteşikli ençeme jenaýatçylykda güman edilýäniň tussag edilmegi bilen onuň güýjüniň pese gaçyp başlandygyna ynanylýardy. Ýöne 20-nji awgustda ol “ýakasy gaýyşly bellentgi” diýilýänleri Daşkende çagyryp bilen bolsa, görnüşinden, Kudratillaýew güýç-gudratyny saklap galýan çemeli.

Gafur Rahimow

Ol ýerde Gafur Rahimowyň hem gürrüňi gidýär. ABŞ-nyň Maliýe ministrligi Rahimowy “Merkezi Aziýa ýurtlarynda neşe önümçiliginiň guramaçylygyna ýolbaşçylyk edýän özbek jenaýatçy toparlarynyň liderleriniň biri” diýip, 2012-nji ýylda sanksiýa sanawyna girizdi.

Rahimow 2010-njy ýylda Özbegistany terk etdi, aýdylmagyna görä ol esasan Dubaýda ýaşady. Oňa garşy Özbegistanda 2013-nji ýylyň fewral aýynda maliýe jenaýatçylygynda, hem-de galp dokument taýýarlamakda günä bildirildi. Ýöne Mirziýoýewiň hökümet başyna geçmeginden sanlyja hepde geçenden soň, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda, aýdylmagyna görä, Rahimowyň ady Interpolda gözlenýänleriň sanawyndan çykarylypdyr.

ABŞ-nyň Maliýe ministrligi ençeme “kanuny garakçynyň”, şol sanda Rahimowyň emläklerini doňdurmagyndan bary-ýogy bir geçenden soň, ýanwar aýynda Rahimow Halkara boks federasiýasynyň wagtlaýyn prezidenti wezipesine bellenildi. Azatlygyň Özbek gullugy iýul aýynda Rahimowa maliýe jenaýatçylygy, hem-de dokumentleriň galplaşdyrylmagy boýunça bildirilen aýyplamalaryň ýatyrylandygyny habar berdi. Rahimow heniz Özbegistana dolanmadyk çemeli.

Salim Abdulwaliýew

Soň ol ýerde Salim Abdulwaliýew bar: ol özüni başarjaň biznesmen diýip tanyşdyrýar. Käbir habarlardan mälim bolşuna görä, ol gazanan üstünlikleriniň köpüsini “garaňky garakçylara” ýolbaşçylyk etmekdäki roluna borçly. 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Mirziýoýewiň prezidentlik wezipesine saýlanmagynyň öňýany, Abdulwaliýewiň Mirziýoýewiň suraty çekilen, hem-de suratyň aşagyna “meniň prezidentim” ýazylan futbolkany geýip düşen suraty jemgyýetçilige giňden ýaýrady.

Mirziýoýewiň hökümet başyna geçenden soň bitirjek diýen wadalarynyň hatarynda ýurdy korrupsiýadan arassalamak hem bar, ýöne jenaýatçylykly hereketlere baş goşan “ýakasy gaýyşly bellentgileriň” atlary Kerimowyň döwri bilen deňeşdireniňde, Mirziýoýewiň döwründe has köp ýygylykda agzalyp başlady.​

Bu makalada agzalan pikirler Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar