Kremliň garşydaşlary saýlaw gününde pensiýa reformasyna garşy protest geçirýärler

"Rus watançylary" pensiýa reeformasyna garşy çykýarlar. Ufa, 5-nji sentýabr, 2018.

Kremle garşy demonstrantlar ýurduň regional we ýerli saýlawlaryna gabat Orsýetiň köçelerinde hökümetiň pensiýa ýaşyny galdyrmak planlaryna garşy proteste çykdylar.

Rus şäherlerinde 9-njy sentýabrda, saýlaw gününde geçiriljek protestler geçen aý oppozisiýadaky syýasatçy, häzir 30 günlük tussagda oturan Alekseý Nawalnyý tarapyndan yglan edildi. Rus häkimiýetleri ony ýanwarda ýygnanyşyk gurap, jemgyýetçilik düzgün-tertibi baradaky kanuny bozmakda günälediler.

Orsýetiň 85 adminstratiw sebitinde ýerli edaralaryň ýolbaşçylaryny saýlamak üçin geçirilýän ses berişlikler prezident Wladimir Putin bilen premýer-ministr Dmitriý Medwedowyň hökümeti üçin pensiýa ýaşyny ýokarlandyrmak baradaky teklip öňe sürleli bäri dörän esasy uly synag pursaty bolup durýar.

Dürli pikir soramalara laýyklykda, orsýetlileriň 90 prosent çemesi pensiýa çykmak ýaşynyň ýokarlandyrylmagyna garşy durýar.

Lewada merkeziniň soňky geçiren pikir soramalary orsýetlileriň 50 prosentden gowragynyň pensiýa reformasyna garşy protestlere gatnaşjakdygyny görkezdi.

Nawalnynyň topary 9-njy sentýabrda Uzak Gündogardaky Wladiwastiok şäherinde 400-den gowrak köçe protestiniň gurnalandygyny, protestçileriň Putiniň işden çekilmegini talap edendigini aýtdy. Regionyň häkimiýetleri protestleriň sanyny 120-ä düşürdi.