Türkmenistanda prezidentiň tabşyrygy bilen gurulýan kaşaň myhmanhanalaryň hataryna ýene-de biri goşular.
Türkmen mediasy 4-nji sentýabrda prezident Berdimuhamedowyň dikuçarda Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk taslamalary bilen guşuçar belentlikde tanyşandygyny habar berdi, hem-de täze guruljak otel baradaky habary jemgyýetcilige “buşlady”:
“Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynyň aralygynda ýerleşýän baýryň üstünde täze myhmanhanany gurmak boýunça tabşyryk berdi” diýip, döwlet mediasy aýdýar.
Beýleki bir tarapdan, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar, şol sanda beýleki käbir garaşsyz çeşmeleri Türkmenistanda ykdysady krizisiň dowam edýändigini, azyk, gurluşyk, senagat we hojalyk harytlaryň gymmatlaýandygyny, azyk-harytlaryny satyn almak üçin paýtagtyň dükanlarynyň öňünde uzyn nobatlaryň emele gelýändigini habar berýärler.
Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri bahasy ýüz millionlarça dollara barabar bolan otelleriň, söwda merkezleriň we beýleki gymmat bahaly binalaryň gurluşygyna säginmän dowam edýär.
Türkmen prezidenti täze guruljak oteliň binagärçilik keşbiniň gadymy Parfiýa şalygyndaky köşklere meňzedilmegini tabşyrypdyr:
“Döwlet Baştutanymyz täze myhmanhana toplumynyň ýerleşjek ýerini gözden geçirip, onuň binagärlik çözgüdinde gadymy Parfiýa şalarynyň köşgüniň gurluş aýratynlygynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.” diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Döwlet metbugatynda täze guruljak myhmanhananyň ady agzalmaýar.
Mundan ozal Berdimuhamedow “Garagum”, “Nusaý” ýaly otelleriň gurluşygy boýunça paýtagtyň häkimine tabşyryk beripdi.
Şu ýylyň başynda Azatlygyň hökümetdäki gurluşyk pudagynyň ýolbaşçylaryna ýakyn çeşmesi gurluşygy planlaşdyrylýan iki myhmanhananyň türkmen hökümetine takmynan 500 million dollara düşjekdigini habar beripdi. Soňra ýurduň resmi metbugaty gürrüňi edilýän bu myhmanhanalaryň atlaryny “Garagum” we “Nusaý” myhmanhanalary diýip iýun aýynda mälim edipdi.
Resmi maglumata görä, paýtagtyň Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda ýerleşjek “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanany Türkiýäniň “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kärhanasyna gurmak tabşyryldy.
Galyberse-de, 21-nji awgustda Azatlykda efire berlen interwýuda paýtagtly synçy Amanmyrat Bugaýew Aşgabadyň yzy üzülmeýän gurluşyklaryna ünsi çekipdi:
“Ýurtda ulanylmany duran myhmanhanalar şeýle bir kän, şolaryň köpüsi boş dur. Aşgabatda iň köp zat myhmanhana, iň köp boş duran zat-da myhmanhana” diýip, synçy şonda gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri, has anygy türkmen döwletiniň baş “eşelony”, ýurduň syýasy elitasy, hamala, türkmen çäginiň taryhyny Parfiýa şalygy bilen ilteşdirmäge has içgin çemeleşip, onuň ýakyn geçmişdäki çarwaçylyk durmuş medeniýetini ikinji planda saklaýan çemeli.
Golaýda prezidentiň Parfiýa şalygynyň köşkleriniň stilinde otel gurmagy tabşyrmagy bilen, Türkmenistanda täze bina edilýän taslamalarda, şol sanda beýleki ulgamlarda birinji gezek Parfiýa şalygy bilen ilteşikli bolmaga ýykgyn edilmeýär. Mundan ozal, mediada agzalan “Nusaý” myhmanhanasy, hem-de garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda bina edilen “Nissa” myhmanhanasy, ýurduň “Nisa” futbol komandasy hem öz atlaryny gadymy Parfiýadan alyp gaýdýar.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Miras” telekanalynyň resmi nyşany, logosy hem gadymy Parfiýa zamanasynyň taryhy simwollaryndan ugur alýar. Birleşen Ştatlaryň “Metropolitan Sungat muzeýindäki” taryhy eksponatlaryndan hem mälim bolşy ýaly, “riton” Parfiýa şalygyndan tapylan tapyndylaryň arasynda agzalýar.
Ýurduň otel gurluşygy barada aýdylanda, mundan ozal Azatlyk Awazada gurlup, soňy bilen, ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, boş galan otelleriň hem satuwa çykarylandygyny habar beripdi.
Bady gowşadylmaýan kaşaň gurluşyklar bilen aýakdaşlykda, ýurduň adaty halky agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär, käbir raýatlar gazanç gözleginde ýurtdan çykyp gitmäge mejbur bolýar.