Mary bilen Lebabyň käbir etraplarynda keselhana töleglerini töläp bilmeýänler köpelýär

Çoganly tarapa barýan bir tiz şepagat ulagy (Illýustrasiýa suraty)

Mary we Lebap welaýatlarynyň käbir etraplaryndan anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan diňleýjileriň aýtmagyna görä, esasan hem oba ýerlerinde ýaşaýanlaryň köpüsi keselhanalaryň hojalyk hasaplaşygyna görä işleýän bölümleriniň töleglerini berip bilmän çykgynsyz ýagdaýa düşýärler.

Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny we sesiniň hem üýtgedilmegini haýyş eden maryly bir ýaşaýjynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol aýalynyň rak keseline seretdirmek üçin 15 müň dollara golaý bergä batmaly bolupdyr. Ol häzir bergisini töläp bilmeýändigini we özi ýaly keselhanalara işi düşenleriň başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň berdi:

"Aýalym hem kesel. Ol 2 aý rak keselini bejertmek üçin onkologiýa bölüminde ýatdy” diýip, maryly ýaşaýjy özüniň hassa hossary hökmünde agyr güne duçar bolandygyny aýtdy.

Bejergi döwründe köne puldan 70 million manat, ýagny 15 müň dollara golaý çykdajy etmäge mejbur bolandygyny aýdan gürrüňdeşimiz agyr günde özlerine hiç kimiň kömek bermändigini, özünde-de ýeterlik mukdarda maliýe serişdesiniň bolmandygyny gürrüň berdi:

“Men birinden karz pul sorasam, ol bereni bilen men üzüp bilmejegimi bilýärin. Hassahana işi düşen hemmeleriň güni şeýle. Keselhana barýan adam hem ýok indi kän. Her kim öz öýünde ölenini gowy görýär. Hassahana gitmän, öýünde ölüp galanyny...” diýip, maryly ýaşaýjy ildeşleriniň duçar bolýan kynçylyklaryny beýan etdi.

Ol keselhananyň bir bölüminiň hojalyk hasaplaşygyna geçip, öz-özüni dolandyrýandygyny, ol bölüme huşuny ýitiren agyr hassalaryň getirilýändigini aýtdy.

Gürrüňdeşimiz huşuny ýitiren hassalaryň özüne gelenden soň, keselhananyň harajatlaryna degişli tölegleri töläp bilmän, öz-özüni heläklemäge synanyşýandyklaryny gürrüň berdi:

“Şeýle ýagdaýda öz janyna kast etmek isleýänler özüni keselhananyň jaýynyň 3-nji we 4-nji gatyndan aşak taşlamaga synanyşyk edýärler. Ýod [içmäge synanyşýarlar], ýa-da asylyp öljek bolýarlar, sebäbi olaryň puly ýok. Bejergiden soň tölemeli bolýarsyň” diýip, maryly söhbetdeşimiz aýtdy.

Şeýle-de, ol keselhanalaryň iýmit üpjünçiliginiň ýagdaýynyň ýaramazdygyny gürrüň berdi:

“Keselhanadakylara iýmit berilmeýär. Yzyndan gelen hem öýünden şor çorba bişirip getirýär, pahyr. Başga öýünden gelýän zat ýok. Puly nireden tapsyn? El ýaly et almaga puly ýok görgülileriň. Onsoň oňa dermanyň puluny nireden bersin? Dermanhana hem ýazyp berenok“ - diýip, maryly ýaşaýjy maglumat berýär.

Golaýda keselhanadan çykan lebaply diňleýjimiz hem öz başyndan geçirenlerini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi:

"Dermanlaryň, sanjymlaryň we beýleki saglyk serişdeleriniň bahalary gaty gymmat bolany sebäpli golaýyna barar ýaly däl. Kimiň ýagdaýy agyrlaşsa, ýa-da keselhana işi düşäýse derrew hojalyk hasaplaşygy bolan bölüme äkidýärler. Adamlar gara banklardan karz pul alýarlar, ýa-da mallaryny, mülklerini satmaly bolýarlar” diýip, lebaply gürrüňdeşimiz aýtdy.

Ol bejergi puluny töläp bilmeýän käbir adamlaryň penjireden böküp gaçmaga, käbirleriniň bolsa şol ýerde öz-özüni heläklemäge synanyşýandygyny aýtdy.

“Men şeýle ýagdaýlaryň birnäçesini öz gözüm bilen gördüm” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Anonim ýagdaýda Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan Mary şäheriniň bir keselhanasynda işleýän şepagat uýasy bu gürrüňleri tassyklap, oba ýerlerinde we etraplarda has ýiti duýulýan şeýle kynçylyklaryň welaýat merkezinde hem bardygyna aýratyn üns çekýär.

"Hojalyk hasaplaşygyna geçilenden bäri, keselhana gelýänleri tölegli bölüme iberýäris. Sebäbi ýokardan berilýän plany dolmaly. Başga alajymyz ýok” diýip, şepagat uýasy aýtdy.

Ol ýolbaşçylaryň hassalara tölegli hyzmat berilmese, keselhanany ýapmaga mejbur boljakdyklaryny aýdýandygyny, özleriniň bolsa berlen buýruklary ýerine ýetirmekden başga çäreleriniň ýokdugyny aýtdy:

“Adamlaryň köpüsiniň pul ýagdaýynyň öwerlikli däldigine şaýat bolýarys. Pulsuzlyk sebäpli bolýan käbir wakalary aýtmaga dilim hem baranok“ diýip, maryly şepagat uýasy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Adynyň efirde agzalmazlygyny soran lebaply tiz kömek ulagynyň sürüjisi hem ýokarda berlen maglumatlary tassyklap, keselhana hojalyk hasaplaşygynda öz-özüni aýlar ýaly, adamlary tölegli bölüme äkidýändigini aýdýar.

Ýatlasak, 1995-nji ýylda ýurtda Saglyk döwlet programmasy kabul edilip, ýurduň medisina pudagy hojalyk hasaplaşygyna geçirilipdi.