Türkmenistanyň "Amul-Hazar 2018" awtorallisine gatnaşjak sürüjiler toparyna enjamlar we sürüjilik şahadatnamasy gowşuruldy. Şol bir wagtda-da, 9-15-nji sentýabr aralygynda ýurtda geçiriljek bu halkara çäresine görülýän resmi taýýarlyklaryň dowamynda häkimiýetleriň ýük we gurluşyk awtoulaglaryň eýelerinden olaryň hususy ulaglarynyň bu çäre üçin talap edýändigi habar berilýär.
Soňky maglumatlara görä, welaýatlarda ýük ulaglaryň eýelerinden öz hususy ulaglaryny awtorallä hyzmat etmek üçin tabşyrylmagy talap edilýär.
Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysynyň 3-nji sentýabrda habar bermegine görä, hususy eýeçiligindäki gurluşyk transporty awtoralliniň geçjek ýollaryny tekizlemek üçin, suw daşaýan agyr ulaglar bolsa agyz suwuny daşamak üçin ulanylar. Azatlyk Radiosy bu ýagdaýy resmi taýdan häzirlikçe tassykladyp bilmedi.
Türkmenistanyň resmi mediasyna görä, "Amul-Hazar" awtorallisinde Türkmenistandan Içeri işler ministrliginiň awtosport merkeziniň we awtosport boýunça milli federasiýasynyň 15 sany milli topary çykyş eder. Bu toparlar maý aýynda synagdan geçipdir. Türkmen gatnaşyjylary wnedorožnik, kwadrosikl we ýük ulag toparlarynda çykyş ederler. Jemi ýaryşa dünýäniň 20 ýurdundan 80 çemesi ekipažyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle-de, prezident Berdimuhamedowyň bu halkara ulag ýaryşyna gatnaşmagyna garaşylýandygy habar berlipdi.
Uzynlygy 1500 kilometrlik "Amul-Hazar 2018" awtorallisi Garagum çölüniň içinden Amyderýanyň we Hazar deňziniň aralygynda geçer.
Ýerli çeşmeleriň habar bemegine görä, awtoralliniň dowamynda göz öňünde tutulýan çärelere ýurduň her welaýatyndan 7000 çemesi adam gatnaşdyrylar.
Resmi görkezmä görä, her welaýatdan, esasan býujet edaralarynyň işgärlerinden düzülen gatnaşyjylar sanawynyň 1-nji sentýabra çenli taýýarlanmagyň talap edilýändigini Azatlyk Radiosynyň habarçylary awgustyň ortalarynda habar beripdi.
Gatnaşyjylaryň, şol sanda döredijilik toparlarynyň awtoralliniň geçjek ýolunyň ugrunda tomaşaçy hökmünde jemlenmegi we toý-dabara geçirip, aýdym-saz etmegi göz öňünde tutulýar.
Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, awtorallä görülýän resmi taýýarlyklar ýerli ilat üçin uly kynçylyk döredýär, şol sanda ýollar petiklenýär hem ilatyň hereket etmek mümkinçiligi çäklendirilýär.
"Amul-Hazar" awtorallisini geçirmek ideýasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli. Resmi maglumatlara görä, döwlet baştutany taýýarlyklara hut özi gözegçilik edýär we ýaryşyň geçjek ýollaryny hem awtoulaglary synaýar.
Ýylyň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow Gadymy Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky "Amul-Hazar" awtorallisiniň ýolundan geçiriljek estafeta üçin döredilen estafeta taýajygynyň şekilini hem özi tassyklapdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar