Berdimuhamedow Halk maslahatynyň ‘ýokary kanun çykaryjy gurama’ boljagyny nygtaýar

Ýaşulular maslahatynyň agzalary. 2013 ý.

Türkmenistanda ykdysady krizisiň çuňlaşmagy bilen dikeldilen Halk haslahatynyň 24-nji sentýabra bellenen birinji mejlisine taýýarlyk görülýär.

Mejlisiň başlygy Gülşat Mämmedowa 31-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda bu çärä görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. Onuň sözlerine görä, Halk maslahatynyň syýasy ähmiýeti ýurduň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär.

Prezident Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Halk maslahatynyň “döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri boýunça çözgütleri kabul edýän ýokary kanun çykaryjy gurama bolup durýandygyny” nygtady.

Halk maslahaty 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda, Ýaşulular maslahatynyň soňky mejlisinde dikeldildi.

Başda Saparmyrat Nyýazow tarapyndan döredilen Halk maslahaty 2008-nji ýylda, Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň öz kanun çykaryjylyk ygtyýarlyklaryndan mahrum edilip, Ýaşulular maslahatyna öwrülipdi.

Ýerli synçylar halk tarapyndan açyk we adalatly saýlawlar esasynda seçilmedik adamlardan düzülen Halk maslahatynyň-da, Ýaşulular geňeşiniň-de ýurtdaky şahsyýet kultuny goldamak üçin ulanylýandygyny öňe sürýärler.