Berdimuhamedow pagta ýygymynyň başlanmagyna “ak pata” berdi

Pagtaçylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 31-nji awgustda Türkmenistanda pagta ýygymynyň başlanmagyna “ak pata” berdi.

“Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap almak häzirki döwürde daýhanlaryň öňünde durýan esasy wezipedir” diýip, TDH prezidentiň sözlerini sitirleýär.

Döwlet baştutanynyň “ak patasyna” laýyklykda, pagta ýygymy Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 5-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 16-njy sentýabrda başlanar.

Türkmenistanda gowaça we bugdaý ekişleri hem, pagta ýygymy we orak möwsümi hem, prezident derejesinde kesgitlenýär we döwletiň daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şerti döredýändigi aýdylýar.

Emma ýurduň ekerançylyk ýerleriniň hasyllylyk derejesi pes bolmagynda galýar, daýhanlar şertleriň gowy däldigini, döwletiň önüm satyn alyş nyrhlarynyň üýtgemeýändigini, kärendesine ýer alyp, maşgala eklemegiň ýyl-ýyldan kynlaşýandygyny aýdýarlar.

Halkara hukuk toparlary Türkmenistany oba hojalygynda mejbury zähmeti saklap galmakda tankyt edýärler.

Türkmenistanda bu ýyl, resmi maglumata görä, 545 müň gektar ýere gowaça ekildi we 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny almak planlaşdyrylýar.