Aşgabadyň aeroportynda täze düzgün: Migrasiýadan soň howpsuzlyk gullugynyň barlagyndan geçmeli

Aşgabadyň halkara aeroporty

Aşgabadyň aeroportynda ýolagçylaryň daşary ýurda goýberilmek meselesini indi migrasiýa işgärleriniň däl-de, howpsuzlyk gullugynyň çözýändigi öňe sürülýär.

Читайте также на русском

Hepdäniň başyndan bäri Stambula gelenden soň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan käbir ýolagçylaryň aýtmagyna görä, aeroportda ahyrky barlagy howpsuzlyk gullugy amala aşyrmaga başlapdyr.

Golaýda Aşgabatdan Stambula uçup gelen ýolagçylardan iki sanysy Azatlyk Radiosyna sesiniň üýtgedilip, efire anonim ýagdaýda berilmegini isläp, özlerinden soňky tanyşlarynyň hem şeýle ýagdaýda gaýdandygyny gürrüň berdi:

“Aşgabadyň aeroportynda indi üç barlag nokadyndan geçmeli. Ilki bilen gümrük, soň migrasiýa we ahyrynda hem “komitet” otyr. Howpsuzlyk gullugy ýolagçylary dürli görnüşde soraga çekýär. Ýolagçylaryň käbirini çintgäp soraga çekýän bolsa, käbirini ýöne geçirip hem goýberýärler” diýip, olar özüniň yzygiderli gatnaýandygy üçin ýagdaýdan habarlydygyny nygtap, sözlerine şeýle dowam edýär:

“Aeroportyň ahyrky howpsuzlyk barlagynda oturanlar ýolagçylara gaty gödek gürleýärler. Soragda göwnejaý jogap bermeýänleri, eginbaşyny ýa-da özüni alyp barşyny halamaýanlary goýbermeýärler. Iň azyndan arkaýyn gidip-geler ýaly etseler ýene nalajak däl. Şonuň üçin hem indi eýdip-beýdip bu ýere aşan migrantlaryň yzyna dolanasy gelmeýär. Häzir ýurdaky ýaly aeroportda hem kynçylyk kän” diýip, yzygiderli ýagdaýda Stambula gatnaýanlar Azatlyk Radiosy bilen bolan gürrüňdeşliginde aýdýar.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň dürli künjeginde häkimiýetler tarapyndan daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryny ýurda dolamak boýunça geçirilýän çäreler dowam edýär. Olar daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýar. Emma ýurda dolanýan käbir migrantlaryň tussag edilýändigi hem habar berilýär.

Beýleki tarapdan, 7-nji maýda BMG-ň Ženewadaky edarasynda guramanyň Adam hukuklary geňeşiniň Ähliumumy syny boýunça işleýän topary Türkmenistanyň adam hukuklary borçlaryny ýerine ýetirişi baradaky milli hasabatyny diňledi. Şonda, türkmen resmileri Türkmenistanyň öz raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmak hukugyny kanun taýdan berjaý edýändigini aýtdy.

Sözi jemlesek, ähli synanşyga garamazdan Aşgabadyň aeroportynda näme sebäpden howpsuzlyk gullugynyň barlag nokadynyň döredilendigi barasynda degişli resmileriň garaýşyny öwrenmek Azatlyk Radiosyna başartmady.