Türkmenistanyň balyk senagaty “agsaýar”

Doňdurylan balyklar. (Illýustrasiýa suraty)

Şu günler Türkmenistanda balyk gymmatlady. Geçen ýyl 1 kilogramy 15 manatdan satylan ýönekeý ortaça balyk häzirki wagtda 26-35 manat aralygynda bahalanýar, diýip Azatlygyň daşoguzly çeşmesi maglumat berdi. Paýtagtda bu bahanyň 40 manada çenli baryp ýetýändigini, Azatlygyň aşgabatly habarçysy aýtdy.

Balykçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyndan habarly daşoguzly çeşme döwletiň balyk hojalyklaryndan alýan salgydynyň möçberini 3 esse ýokarlandyrandygyny belledi.

Publisist, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Türkmenistanda balyk hojalygynyň geçmişi we häzirki ýagdaýy barada Azatlyga giňişleýin gürrüň berdi.

Ol türkmen topragynda balykçylygyň öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny nygtady.

“Çöllük diýilse-de Türkmenistanyň umumy Amyderýadan başga-da, Murgap, Tejen, Sumbar we Etrek ýaly derýalary bar. Şu derýalarda ir döwürlerde-de balyk tutulýan ekeni. Derýadaky balyklar deňizdäki ýa-da beýleki şor köllerdäki balyklardan tapawutlylykda ekologik taýdan has arassa balyklar hasaplanypdyr” diýip, Bugaýew belledi.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew 1988-nji ýylda çap eden publisistik eserinde bu temalara aralaşandygyna degip geçdi.

Ol Türkmenistanyň çäginde Sowet döwründe esasan Amyderýanyň ýakasynda, Garagum kanalynyň ugrunda, Kaspiniň kenaryndaky Esenguly etrabynyň ýörite balyk hojalygyna niýetlenen ozalky “Sowet Türkmenistany” kolhozynda, Türkmenbaşy etrabynyň “Gyýanly” posýologynda, Marynyň “Hanhowuz” suw howdanynda we beýleki käbir suw kanallarynda balykçylyk bilen meşgullanylandygyny gürrüň berdi.

Ol garaşsyzlyk ýyllarynda bu pudaklardaky ösüşiň haýallandygyny belledi.

“Esengulynyň balykçylyk kolhozy öz-özünden ýapylyp gitdi, sebäbi döwlet tarapyndan goldaw bolmady. Gyýanlydaky hem edil şol ýagdaýa düşdi. Ýogsam bolmasa günbatar Türkmenistanda tutulýan balyklary işleýän, diňe bir Türkmenistanyň öz içinde däl, eýsem, tutuş SSSR-iň çäginde-de satuwa çykarylýan balyklar bardy. Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän Nedirbaý Aýtakow zawodynda balyklar işlenýärdi; bekre balyklar, gara işbil bu derejede gyt haryt däldi” diýip, synçy aýtdy.

Ol gürrüňdeşlikde mundan ozal ýarym litri 50-60 manatdan bahalanan gara işbiliň häzirki günde 200 manada baryp ýetendigini belledi.

Kaspi deňziniň işbiline Hazaryň gymmatlygy hökmünde garalýar.

Gürrüňdeşimiz Lebabyň “Zeýd” suw howdanynda, Daşogzuň “Sarygamyş” kölünde, ýa-da Ahal welaýatynyň çägindäki "Gökdepe" suw howdanynda örňedilýän balykçylyk pudagyna degip geçdi.

Bugaýew türkmen suwlarynda sazan, uçar, lakga, çapak, ak amur, bekre we şuňa meňzeş balyklaryň ýetişýändigini aýtdy.

Ol Balkanabat şäherinden 120 kilometr aradaşlykda ýerleşýän “Ýasga” atly suw asty iki gatly umman barada gürrüň berip, ondan ajy hem-de süýji suwuň deň mukdarda çykarylandygyny, ýerastyndan çykarylan şor suwy emeli döredilen howdana akdyryp, şol howdanlarda “Türkmennebit” önümçilik birleşiginiň balyk hojalygynyň esaslandyrylandygyny gürrüň berdi.

Publisist ýazyjy Hazar deňzine Gara deňizden göçürilip getirilen “kefal” balygynyň täsin täleýine ünsi çekdi:

“Kefal atly balyk ozallar hiç wagt Kaspi deňzinde bolmandyr. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň aýagyndan başlap, ‘kefal’ atly balygy Gara deňizden getirip, Kaspi deňzine goýberdiler” diýip, ol aýtdy.

Onuň ylmy barlaglara esaslanyp gürrüň bermegine görä, kefalyň Hazara getirilmegi bekre balyklarynyň köpelmegine ters täsir edýär, alymlar kefal balyklarynyň bekräniň işbilinden iýmitlenýändiginiň üstüni açýarlar.

Bugaýew häzirki günde bekre balygynyň gyt haryda öwrülendigini, gizlin satylýan bekräniň bir kilogramynyň Aşgabatda 100 manada çenli baryp ýetendigini aýtdy.

Bekre balygy Hazaryň simwoly hasaplanýar. Hazarýaka döwletleriniň liderleriniň soňky duşuşygynda olar simwoliki ähmiýete eýe bolan çärä gatnaşyp, Hazara bekrejikleri goýberdiler.

2013-nji ýylda Orsýetiň Balyk hojalygy agentligi Hazar deňziniň rus çäginde bekre balygynyň awlanmagyna 1 ýyl möhlet bilen gadagançylyk girizipdi.

Aşgabatly publisist ýazyjynyň sözlerine görä, Saparmyrat Nyýazowyň döwründe günorta-günbatar Türkmenistan bilen Eýranyň araçäginde “Dostluk” suw howdanynyň açylmagy, Etrek derýasynyň suw üpjünçiligine şol sanda, onda balyk hojalygynyň ösdürilmegine oňaýsyz täsir edýär.

Türkmenistanly publisist, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew ýurduň balyk hojalygynyň häzirki düşen ahwalyna gynanç bildirýär.

Beýleki bir tarapdan, ol “Altyn Asyr” kölüniň guýýan “Garaşor” çöketliginde soňky döwürde döredilýän balykçylyk fermalaryna umytly garaýar.

Türkmenistanda balyk hojalyklary döwlet tarapyndan döredilip, olara döwlet ýörite plan borçnamasyny kesgitleýär.​

TDH-nyň maglumatlaryna görä, geçen aý Aşgabatda Awçylaryň we balykçylarynyň birleşen jemgyýetiniň 19-njy gurultaýy geçirilipdir. Onda Balykçylyk hojalygy döwlet komitetiniň bir ihtiology Lebap welaýatynda Amyderýada balyklaryň işbil taşlaýan ýerlerinde ownuk balyklary iýmitlendirmek üçin emeli şertleri döretmegiň zerurlygyny belläpdir.