Pakistanda müňlerçe adam Muhhamet pygamber baradaky karikatura bäsleşigine protest bildirdi

Labaik partiýasynyň lideri Khadim Hussain Rizvi lahorda cyky\ edvqr. 29-njy awgust, 2018.

On müň çemesi pakistanly Lahorda golland syýasatçylarynyň musulman pygamberi Muhammet barada çekilen karikaturalaryň bäsleşigini geçirmek planlaryna garşy proteste çykdy we gelýän günlerde ýene kän protest guralmagyna garaşylýar.

29-njy awgustdaky protest geçen hepde bolan umumy saýlawlarda garaşylmadyk möçberde kän ses alan yslamçy partiýa,“Tehreek-i-Labaik” tarapyndan gurnaldy. Saýlaw kampaniýasy döwründe kandidatlaryň käbiri hudaýa şek ýetirmek bilen bagly jenaýatlar üçin jeza beriljegini wada berdi.

Yslamda allanyň ýa pygamberiň şekilini, suratyny hatda oňyn görnüşde çekmek hem gadagan edilýär we uly günä hasaplanylýar.

Pakistanyň täze saýlanan hökümeti Gollandiýada geçiriljek karikaturabäsleşigini ýazgardy we ony yslamy abraýdan gaçyrmaga edilýän synanyşyk diýip atlandyrdy.

Emma Labaik partiýasynyň lideri Khadim Hussain Rizvi munuň ýeterlik däldigini aýdýar we Gollandiýa bilen diplomatik gatnaşyklaryň kesilmegine çagyrýar.