Ýolagçylar Aşgabadyň aeroportynda käbir organ işgärleriniň gödekliginden nägile

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň aeroportynda içerdäki düzgün-tertibe seredýän käbir polisiýa işgärleriniň daşary ýurda gidip bilmän garaşýanlara gödek çemeleşýändigi we bu sebäpden wagtal-wagtal olar bilen ýolagçylaryň arasynda dawa turýandygy habar berilýär.

Stambula barandan soň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan birnäçe ýolagçynyň aýtmagyna görä, Gurban baýramynyň öňýanynda daşary ýurda çagasyna seretdirmäge gidip bilmeýändigi üçin aeroportda ençe günläp garaşýan bir maşgala polisiýa işgäriniň topulmagy sebäpli nägile ýolagçylar daş-töwerekden galmagal turuzypdyr.

"Biz daşary ýurda goýberilmeýänleriň deregine uçmak üçin bilet kassasynyň golaýynda otyrdyk. Aramyzda bir aýa golaý wagtlap, hepde ýa-da birnäçe gün daşary ýurda gitmäge synanyşýanlar bardy. Bir är-aýal bolsa näsag çagasyny başga ýurtda bejertmäge äkitjek bolup synanyşýardy. Migrasiýadan olara "Näme daşary ýurtda bejergä äkitjek bolýarsyň? Näme Türkmenistanda bolanokmy? Gitmersiň, geçmersiň” diýilendigini, aýtdylar. Näsag çaga aeroportda ýatyp-turmakdan surnugyp, ýygy-ýygydan aglaýardy. Adamsy bir saý-sebäp bilen bir ýere gitdi welin, çagajyk aglamaga başlady. Ejesi ony goýduryp bilmedi. Birden aeroportyň içinde elindäki açary aýlap daş-töweregine ulumsylyk bilen seredip ýören polisiýa işgäri ýaňky çagaly zenanyň üstüne topuldy” diýip, waka şaýatlyk eden aşgabatly zenan sözlerine şeýle dowam etdi:

"Çyk how, şu ýerden. Şunça wagtlap aeroportda garaşmak bolanok diýýäris saňa, bolanok. Sen gepe düşünmeýärsiňmi? Sem et çagaňy we özüň hem çalt git aeroportdan” diýip, elindäki açaryny aýalyň gözüne sokjak bolup barýar. Onsoň gapdaldan bir aýal oturan ýerinden polisiýa işgärine "Sen näme etjek bolýarsyň? Ol biriniň maşgalasy ahyryn. Sen nädip iliň maşgalasyna şeýle gödek çemeleşip bilýärsiň?” diýse, oňa hem "Sen hem agzyňy ýum how. Häzir seniň hem agzyňy ýumduraryn. Saňa näme?” diýip, jogap berdi” diýip, zenan aýtdy.

Onuň sözlerine görä, soňra bilete garaşyp oturanlar ýerli-ýerden çagaly aýala arka çykmak üçin öz nägileligini aýtmaga we bir aýal hem derrew wideo düşürmäge başlady.

“Polisiýa işgäriniň derrew sussy basyldy köpçülik nägileligini bildirmäge başlandan soň. Esasy köpçülik gyz-gelinler bolany üçin olar derrew herekete geçip, polisiýa işgärini protest edip, bilelikde gykylyklap ugradylar. Onsoň başga polisiýa işgärleri gelip işdeşini alyp gitdi” diýip, Aşgabadyň aeroportyndaky proteste gatnaşan zenan Stambuldan Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Şol uçar bilen Stambula gelenden soň Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny islän migrant halkyň aýaklanmaga başlandygyny gören aeroportdaky resmileriň derrew kassalarda bilet satylmagyny, daşary ýurda goýberilmeýänleriň hem saklanmazlygyny buýruk berip, adamlary köşeşdirmäge synanyşandygyny gürrüň berýär. Ol özüniň hem şol pursatdan peýdalanyp, on bäş garaşanyndan soň Stambula bilet tapyp, uçup gaýdandygyny bildirýär.

“Telefonda wideo ýazgy düşüren adamyň bolup bolmandygyny soradylar we soň hemmämizi geçirip goýberdiler. Bolan wakany metbugata aýtmazlygymyzy haýyş etdiler” diýip, waka şaýatlyk eden migrant oglan Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýatlap geçsek, aprel aýynyň başynda Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Aşgabadyň aeroportynda onlarça ýolagçynyň türkmen häkimiýetlerine özleriniň Türkiýä goýberilmeýändigine güýçli nägilelik bildirendigi barada wideo gelip gowuşdy.

Sözi jemlesek, Aşgabadyň aeroportynda bolup geçýän ýagdaýlar barada degişli resmilerden nähilidir bir maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.