Täjik-owgan serhedinde amala aşyrylan howa zarbasynda azyndan sekiz adam öldi

Polisiýanyň metbugat wekili Halil Asir howa zarbasynda sekiz adamyň ölendigini mälim etdi

Owgan resmileri Täjigistan bilen serhetleşýän owgan welaýatyna näbelli uçar bilen “Talyban” güýçlerine garşy amala aşyrylan howa hüjüminde azyndan sekiz jeňçiniň öldürilendigini habar berdi. Bu hüjüm serhetde bolan atyşykda iki täjigistanlynyň öldürilmeginiň ertesi güni amala aşyryldy.

Uçaryň kimlere degişlidigi nämälim, şeýle-de Orsýet bilen bir hatarda täjik resmileri bu hüjüme öz harby uçarlarynyň, ýa-da dikuçarlarynyň dahyllylygyny ret etdi. Orsýetiň Täjigistanda ep-esli harby kontingenti bar.

Owganystanyň Tahar welaýatynyň polisiýa departamentiniň metbugat wekili Halil Asir howa zarbalarynyň 27-nji awgustda serhediň alkymynda ýerleşýän Darkad etrabynda amala aşyrylandygyny habar berdi. Ol hüjümde ölen adamlar bilen bir hatarda ýene-de alty adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Owganystanyň Täjigistan bilen araçäkleşýän 1400 kilometrlik serhedinde seýrek ýagdaýlarda çaknyşyk bolýar. Muňa garamazdan, soňky birnäçe aýyň dowamynda serhediň alkymyndaky käbir welaýatlarda, şol sanda Taharda howpsuzlyk ýagdaýlary ýaramazlaşdy. Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri bilen “Talybany” hem öz içine alýan jeňçi toparlaryň arasynda soňky birnäçe aýyň dowamynda yzygiderli çaknyşyklar ýüze çykýar.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň howa zarbasy boýunça soran soragyna beren jogabynda Täjigistanyň Serhet gullugynyň metbugat wekili Muhammedjon Ulughojaýew hadysany tassyklap bilmedi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi “RIA-Nowosti” habar gullugyna beren maglumatynda bu hadysa rus harby uçarlarynyň dahylynyň ýokdugyny aýtdy.