25-nji awgustda Germaniýa Federatiw respublikasynyň kansleri Angela Merkeliň Azerbaýjana eden saparynyň dowamynda ýurduň prezidenti Ylham Aliýew bilen geçiren gepleşikleriniň yzýany geçirilen metbugat ýygnagynda Aliýew Hazarüsti gaz geçirijisi barada çykyş etdi. Halkara metbugat serişdeleri, şol sanda Orsýetiň “Tass” maglumat gullugy, hem-de Azerbaýjanyň resmi türkmen metbugaty bilen ylalaşykly iş alyp barýan “Trend” habar gullugy Aliýewiň sözlerini alyp göterdi.
“Elbetde, Trans-Kaspi geçirijisi babatda, üstaşyr döwletlerden-de has beter, gaza eýeçilik edýän tarap has içgin gyzyklanma bildirmeli. Bu meselede tranzit döwletler inisiatiwa bilen çykyş etmezler” diýip, “Trend” hem-de “Tass” Aliýewiň sözlerini getirdi.
“Şonuň üçin, eger-de Hazar deňziniň gündogar bölegi öz gazyny Azerbaýjanyň çäginden dünýä bazaryna çykarmagy kararlaşdyrsa, şonda biz, elbetde, muňa uly gyzyklanma bilen çemeleşip, belli bir netijä geleris. Ýöne bu mesele boýunça ilki biz däl-de, garşy tarap belli bir netijä gelmeli” diýip, Aliýewiň sözleri metbugat serişdelerinde sitirlendi.
Kaspi Konwensiýasy kabul edildi
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde Hazarýaka döwletleriniň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen sammitde Kaspi Konwensiýasynyň kabul edilmegi bilen energiýa bilermenleri Trans-Kaspi geçirijisiniň ykbalynyň aýdyňlaşandygyny aýdyp, çykyş etdiler.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyndan Aktauda geçirilen sammite gatnaşan Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýeriň awtorlygynda çap edilen makalada Kabul edilen Konwensiýanyň tekstine salgylanyp, onuň 14-nji maddasynyň 3-nji bendinde “suwlarynyň çäginden geçiriji çekilýän döwletlere özara ylalaşyk esasynda” suw astyndan geçirijileri çekmäge rugsat berilýändigi bellenilýär.
Energiýa boýunça halkara bilermenler şu wagtda çenli Trans-Hazar gazgeçirijisi babatda, hususan-da Orsýet bilen Eýranyň daşky gurşawy mysal getirip, bu taslama garşy çykyp gelendigini aýdýarlar.
Orsýetiň daşary işler ministrligi Kaspi Konwensiýasynyň kabul edilmeginden 5 gün soň ýaýradan “Sorag-jogap” beýanatynda, “suwlarynyň çäginden geçiriji çekilýän döwletleriň özara [ikitaraplaýyn] ylalaşyk esasynda suw astyndan geçiriji çekmäge olara rugsat berilýändigini” ýene-de bir gezek ýatladyp, daşky gurşaw boýunça mesele ýüze çykan halatynda welin, Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bu meselä gatyşmaga hukuklydygy nygtalýar.
"Trans-Kaspi" babatda türkmen tarapy dymyşlygy saklaýar
Galyberse-de, türkmen prezidentiniň, hem-de Türkmenistanyň resmi metbugatynyň Hazarüsti geçiriji boýunça dymyşlygy uzaga çekdi. Ümsümlik uzaga çekensoň, ahyrsoňy, goňşy prezidentiň özi, Merkeliň gapdalynda durup, bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda, bu mesele babatda garşy tarapyň “belli bir netijä gelmelidigini” ýatlatmaly boldy.
Reutersiň maglumatlaryna görä, Germaniýa häzirki wagtda Azerbaýjandan, soňy bilen regiondaky beýleki ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistandan-da gaz satyn almagy maksat edinýär.
Halkara energiýa bilermeni Jon Roberts (John Roberts) Trans-Hazar boýunça türkmen tarapynyň dymyşlygynyň mümkin bolan sebäpleri barada awgustyň ortasynda Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi. Ol söhbetdeşlikde, dymyşlygyň mümkin bolan iki sebäbini düşündirdi. Bilermeniň ynanjyna görä, birinjiden, Orsýet bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan howpszulyk gatnaşyklaryny nazarda tutup, prezident Berdimuhamedow Orsýetiň Trans-Kaspi babatda närazyçylygynyň ýokdugyna anyk göz ýetirmek isleýär. Ikinjiden, türkmen prezidenti Trans-Kaspiden has beter, Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasynyň öňki şertler boýunça täzeden dikeldilmegine has-da bil baglaýar. Şol sebäpden ol Hazarüsti geçirijini jemgyýetçilige aýan ýagdaýda gün tertibine girizmeýär.
Konwensiýanyň kabul edilmeginiň yzýany, 15-nji awgustda Berdimuhamedow Orsýete sapar edip, Soçide Putin bilen duşuşdy. Türkmen metbugaty bu maglumaty “iki lider galstuksyz maslahat etdiler” diýip, habar beren-de bolsa, maslahatyň anyk mazmuny, onda Trans-Hazaryň maslahat edilip edilmändigi henizem syrlygynda galýar.
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýewiň türkmen tarapyny Trans-Kapsi babatda gaýrata galmaga çagyrýan äheňde çykyş edýän wagty, häzirki wagtda Türkmenistanda, görnüşinden, “has möhüm” çärä, “Amul-Hazar-2018” awtorallisine taýýarlyk görülýär. Prezident telewideniýede özüniň düzendigi aýdylýan awtoulagda Garagumda maşyn sürüp, ulgam-ulgam gum depelerinde çägä batan ulagy gumdan çykarýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde Berdimuhamedowyň nobatdaky ukybyny görkezýän şekiller efire berildi
Türkmen metbugatynda ýurda abraý getirjekdigi aýdylýan bu ýaryşa taýýarlyk görülýän wagty, soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistany gyzyklandyrýan iri taslamalar babatda degişli ýurtlarda dürli täzelikler peýda boldy. TOPH boýunça Hindistan gazyň nyrhyna nägileligini bildirýär, Owganystanda ýer meselesi döredi, Pakistanyň premýer-ministri Eýran bilen has içgin energiýa gatnaşyklaryna isleg bildirýändigini mälim etdi, Eýran bilen Türkmenistan gaz boýunça birek-biregi suda berdi, indi bolsa Trans-Kaspi babatda Azerbaýjanyň prezidenti türkmen tarapyny belli bir netijä gelmäge çagyrýan çemeli.
Trans-Kaspi gurluşygyna işe girişilen halatynda, onuň üsti bilen türkmen gazyny Azerbaýjana, ondan aňry Türkiýäniň üstünde TANAP-a birigip, Ýewropa akdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu taslamanyň gurluşygyny Ýewropa Bileleşigi goldap çykyş edip gelýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji iýunda TANAP-yň Türkiýede geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşmady.
Kaspi Konwensiýanyň kabul edilmeginiň öňýany rus metbugatynda ors-türkmen gaz söwdasynyň täzeden ýola goýulmak ähtimallygy barada maglumatlar peýda bolupdy.