Demirgazyk Kipr türkmen raýatlary üçin giriş düzgünlerini pugtalandyrdy

Aeroportuň migrasiýa resmisi, Demirgazyk Kipr, awgust, 2018

Demirgazyk Kipriň aeroportunda Türkmenistanyň raýatlarynyň deportasiýa edilmegine degişli ýagdaýlar köpeldi. Ýerli häkimiýetler munuň regiona barýan türkmenistanlylar babatynda migrasion düzgünleriň pugtalanmagy bilen baglydygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, 26-njy awgustda Türkmenistanyň birnäçe raýaty Demirgazyk Kiprden Stambula deportasiýa edilipdir. Stambula ugradylan şol türkmenistanlylaryň biri 25-nji awgustda Demirgazyk Kipriň aeroportunda özi bilen ýene üç watandaşynyň saklanandygyny we özleriniň bir gije-gündizlik tussag edilensoň Stambula ugradylandygyny Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Demirgazyk Kipriň aeroportundaky tussaghana, awgust, 2018

- 25-nji awgustda men Kipre uçup bardym we meni hiç bir sebäpsiz yzyma gaýtardylar. Men sebäbini soranymda, türkmen raýatlaryndan indi iş wizasynyň soralýandygyny, şonsuz hiç bolmaýandygyny aýtdylar. Meni bir gije-gündizläp sakladylar. Elimde yzyma biletimiň bolany gowy bolupdyr. Meni aýal doganym garşy aldy, emma täze kanunyna görä, diňe ejem ýa-da kakam garşy alsa goýberýän ekenler. Emma häzirki wagtda, Türkmenistanyň raýatlaryna ne iş wizasyny, ne-de ýaşamak üçin rugsadyny berýärler. Şeýdip, meni elimdäki biletim bilen yzyma Stambula gaýtardylar" diýip, 27-nji awgustda söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Demirgazyk Kipriň Erjan aeroportunyň migrasiýa polisiýasy regiona barýan Türkmenistanyň raýatlarynyň saklanmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny tassyklady. Polisiýanyň wekili Ali Şahiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, täze düzgünleriň güýje girmegine bir aý çemesi wagt bolupdyr, oňa laýyklykda, regiona barýan Türkmenistanyň raýatlarynda iş wizasy bolmaly ýa-da Demirgazyk Kiprde olaryň ejesi, kakasy we doganlary ýaly ýakyn garyndaşlary ýaşamaly.

Şeýle-de, Demirgazyk Kipriň migrasion resmisi Ali Şahiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmen raýatlarynyň Demirgazyk Kipre barmagy üçin talaplaryň pugtalanmagyna Türkmenistandan zähmet migrantlarynyň akymynyň güýçlenmegi sebäp bolupdyr. Ol migrantlaryň köpüsiniň bikanun ýaşaýandygy aýdýar.

Munuň öňüsyrasynda Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri Türkiýä we Demirgazyk Kipre okuwa barýan ýurt raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagynda kynçylyklaryň bardygyny habar berdiler. Päsgelçilikleriň biri olaryň ýurduň daşyna çykmagynyň maksadyny tassyklaýly dokumentleri bilen bagly.

"Dürli ýagdaýlara görä, köpleriň ýurduň daşyna çykmak synanyşygy ret edilýär, sebäbi olar hut okuw üçin barýandygyny tassyklap bilmeýärler. Häkimiýetler okuwa barýanlaryň köpüsiniň okuw jaýyndan alan çakylyk hatlarynyň galpdygyny anyklaýarlar, olary Türkiýäniň ilçihanasynda hem tassyklamakdan ýüz öwürýärler, uniwersitetler bilen habarlaşmaga synanyşyk edilende olaryň galplygy barada pikir döredýän şübheli ýagdaýlar ýüze çykýar. Şeýle-de, häkimiýetleriň pikiriçe, teologiýa we yslam boýunça aşa bilim berýän uniwersitetlere (häkimiýetleriň düzen sanawy bar) okuwa barýanlaryň ýurduň daşyna çykmagy ret edilýär" diýip, Aşgabatdaky çeşme Azatlyk Radiosyna aýtdy we soňky döwürde Demirgazyk Kipre barýan raýatlara ünsüň güýçlenendigini belledi.

"Demirgazyk Kipre baryp gaýdandygy göze ilen ähli adamlara ýok diýýärler. Ol ýere baryp gaýdan diňe bir studentlere däl-de, eýsem bu islendik sebäp bilen baryp gaýdanlara degişli. Ol ýere Türkiýeden wizasyz baryp bolýandygy üçinmi, ýa-da pasportdaky başga bellikler sebäplimi, muny entek doly anyklap bolmady, emma bu topara aýratyn üns berilýär we olar diňe bir Türkiýä ýa-da Demirgazyk Kipre däl, hatda beýleki ýurtlara hem goýberilmeýär" diýip Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi aýtdy.

Azatlyk Radiosy öz söhbetdeşleriniň we çeşmeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen olaryň atlaryny efirde agzamakda saklanýar.

Demirgazyk Kipr Türkiýä barýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň arasynda meşhur region hasaplanylýar, sebäbi bu ýerde olardan şu çaka çenli wiza talap edilmändi we syýatçylyga çäklendirme bolmandy.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda wizasyz režim saklanýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, soňky döwürde türk mediasy Demirgazyk Kiprde türkmen raýatlarynyň gatnaşmagynda ýüze çykan jenaýatçylykly wakalaryň ençemesi barada habar beripdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar serişdeleri ýurt raýatlarynyň Türkiýä gitmekde duçar bolýan kynçylyklary barada dil ýarmaýarlar. Ýurt resmileri garaşsyz çeşmeleriň berýän maglumatlaryny kommentirlemekde saklanýarlar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyndan kommentariý sorap eden ýüzlenmeleriniň birinde Türkiýede türkmen zähmet migrantlarynyň we migrantlar meselesiniň asla ýokdugyny aýtdylar.

Türkmenistan ýurduň daşyna syýahatçylyk, gazanç we okuw üçin barýan raýatlarynyň umumy sanyna degişli statistik maglumatlary hem çap etmän gelýär.