Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda gowaça ideg edilişi, hususan-da ösüş suwunyň tutulyşy we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada berlen hasabaty diňläp, oba hojalygynda gowy netijeleriň gazanylýandygyny belledi.
Emma Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolýan daýhanlar bu ýyl gowaçanyň hem suwsuz bolandygyny we garaşylýan hasyly ýygnamagyň kyn boljagyny aýdýarlar.
Mundan öň Azatlyk radiosy ýurduň bugdaý eken daýhanlarynyň aglabasynyň bergili çykandygyny habar beripdi. Bu bergi ekilen bugdaýyň köp ýerde göýdükdirilmegi, ýagny suw ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.
Şu hepde Ahal welaýatynda uly ýollaryň boýunda ekilen gowaçanyň ýagdaýyny gören we daýhanlar bilen gürleşen çeşmäniň maglumatyna görä, gowaça eken kärendeçiler hem döwletden alan tohumlary, dökünleri, suw we tehniki hyzmatlary üçin bergili çykmakdan alada galýarlar.
“Gowaçanyň ýagdaýy erbet, gowaça ekilen kartalaryň içinde boş, hiç zat gögermedik ýerleri hem az däl, köp ýerde gögeriş pes bolupdyr. Gowaçanyň gögeren ýerlerinde hem adamyň guşaklygyna ýetýän gowaça ýok, bolup bilse, dyzyňdan bolýar” diýip, Azatlygyň çeşmesi gürrüň berdi.
Şeýle-de ol, boýuny almadyk we suwy ýetmän gyssanan gowaçalaryň gozalarynyň açylyp başlan ýerleriniň hem bardygyny, ol pagtalary billeri fartukly ýaşlaryň eýýämden ýygyp görendigini habar berdi.
Ýerli synçylaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda pagta ýygymy dabaraly başlanyp, ilkinji “ak altyn” ýükli kerwenleriň watan harmanyna ugradylmagy üçin kän öňünden taýýarlyk görülýär, hatda käte öňki ýyllardan galan pagtany etrapdaky ammardan yzyna, ekin meýdanyna getirip, gaýtadan harmana tabşyrýan halatlary hem bolýar diýip, köneürgençli resmi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Bu ýyl suw Daşoguzda, Lebapda, Maryda hem az boldy we bu sebitlerdäki çeşmelerimiz hem gowaça eken daýhanlaryň bergili çykmakdan alada galýandyklaryny habar berýärler.
Bäherdende öz çagalary bilen bäş gektar ýere gowaça eken kärendeçi Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşende bu ýyl “döwlete edilen bergini üzmek üçin gapydaky mallaryny ýa dulundaky halylaryny satmaly bolmasa razydygyny” aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen daýhanlaryň köpüsi döwletiň tebigi ýagdaýy, gurakçylygy nazarda tutup, geçirimlilik etmegini isleýär. Emma mundan öň döwletiň Amyderýa joşanda ekin meýdanlaryny suw basan we uly zyýana galan kärendeçilere hem hiç bir ýardam etmändigi habar berildi.
Ikinji tarapdan, kärendeçiler ýyl gowy bolup, gowy hasyl alan ýyllarynda hem agyz dolduryp aýdar ýaly bol girdeji almaýandyklaryny, sebäbi döwletiň satyn alyş nyrhlarynyň üýtgewsiz galýandygyny gürrüň berýärler.
Aşgabatdaky ynamdar çeşmäniň tassyklamagyna görä, döwlet pagtanyň her tonnasyny daşary ýurtlara 3-3,5 müň dollara golaý pula satýar, emma bir tonna pagta öndüren daýhanyň eline galýan 50-60 dollar çemesindäki pul bolýar.
Şonuň bilen bir wagtda, kärendeçiniň daýhan birleşikleri bilen baglaşan şertnamasyndan artyk öndüren pagtasyny özüniň islän ýerine, geçen bahasyndan satyp biljegi barada berlen wadalar hem şu güne çenli ýerine ýetirilmeýär.
Munuň üstesine, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, obanyň tertip-düzgünine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri, ýollar... üçin çykarylýan harajatlar hem kärendeçileriň gazanjyndan tutulýar, “bu ne kapitalizm, ne-de sosializm, diňe adamlary horlamak bolýar” diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen 65 ýaşly ahally kärendeçi aýtdy.
Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň prezidenti 22-nji awgustda geçen hökümet mejlisinde hem daýhanlar üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady. Emma kärendeçileriň köpüsi şertleriň pesdigini, edilýän talabyň bolsa reallykdan daşdygyny aýdýarlar.
Halkara hukuk toparlary Türkmenistany pagta planlary bilen baglylykda mejbury zähmeti dynuwsyz ulanmakda tankyt edýärler.