TOPH: Hindistan nyrhlardan nägile, Owganystanda ýer meselesi döredi, Pakistan Eýrana “gaş kakýar”

"Galkynyş" gaz käni işe girizilýär. 4-nji sentýabr, 2013-nji ýyl

Hindistan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan Hindistan trans milli gaz geçirijisi arkaly Türkmenistandan satyn alynjak gazyň bahasynyň täzeden ylalaşylmagyny isleýär diýip, “Financial Express” neşiri şu gün habar berdi.

“Global energiýa nyrhlarynyň pese gaçýan wagty, Hindistan TOPH geçirijisi arkaly akdyryljak gazyň bahasynyň täzeden ylalaşylmagyny soraýar” diýip, Hindistanyň neşiri ýokary derejeli bir resminiň sözlerini getirdi.

Türkmen metbugaty, bu trans milli taslamanyň ýurduň energiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda möhüm ädimdigini tekrarlaýar. Bahasy dürli çeşmeleriň maglumatlaryna görä 8-10 milliard aralygynda boljakdygy çak edilýän bu gazgeçirijiniň üsti bilen Türkmenistan Günorta Aziýa ýurtlaryna tebigy gaz eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Bu taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Owganystanyň, Pakistanyň hem-de Hindistanyň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda Mary şäheriniň golaýynda ýerleşýän “Galkynyş” gaz ýatagynyň alkymynda badalga berildi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

TOPH gurluşygy başlady

Şeýle-de, şu ýylyň fewral aýynda geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna ýene dört ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Owganystanda girişildi.

Halkara energiýa bilermenleri, şol sanda Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Owganystandaky ýaramaz howpsuzlyk şertleri sebäpli bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine şübheli garaýar.​

Hindistan gazyň bahasyna täzeden garalmagyny soraýar

Hindistanyň “Financial Express” neşiri ýokary wezipeli bir çeşmä salgylanyp, ýurt resmileriniň mawy ýangyjyň bahasy boýunça täzeden maslahat etmegi müwessa görýändigini mälim etdi.

Neşiriň ýazmagyna görä, 2013-nji ýylda TOPH-dan akdyryljak gazyň bahasy boýunça dört ýurduň resmileri ylalaşdy. Şol ylalaşyga laýyklykda, Hindistan türkmen gazynyň 1000 kub metri üçin Türkmenistana arassa 265 dollar tölemeli, Owganystan we Pakistan üçin tranzit töleglerini goşanda agzalýan mukdardaky ýangyç Hindistana 372 dollara düşýär. Neşiriň ýazmagyna görä, Hindistandaky ýerli salgytlary we transport çykdajylaryny hem hasaba goşanda Türkmenistandan akdyrylan 1000 kub metrlik gaz Hindistanyň içerki sarp edijilerine takmynan 460 dollara düşýär.

Habarda aýdylmagyna görä, bu töleg Hindistanyň häzirki wagtda gaz öndürijelerden satyn alýan bahasynyň 2 esseden gowragyna barabar bolýar.

Owganystanda TOPH bilen bagly ýer meselesi döredi

TOPH bilen baglylykda Hindistanyň gazyň bahasyna täzeden garalmagyny soramagyna aýakdaş ýaýran beýleki bir habarda bu taslamanyň Owganystanda-da ýer söwdasy bilen bagly ýuridik päsgelçiliklere duçar bolýandygy habar berilýär.

“Ýewraziýa Habarlary” neşiri, eurasiantimes.com, TOPH-yň owgan ýuristine salgylanyp, geçirijiniň Owganystandan geçýän böleginde gazyň çekiljek ugrundaky ýerleriň diňe 45 %-niň resmileriň eýeçiligindedigini, galan 55 %-niň hususy eýeçilikdedigini, geçirijiniň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça ýer eýeleri bilen bagly dawalaryň kähalatlarda kazyýete geçirilendigini habar berdi.​

Pakistan Eýran bilen has ýakyn energiýa hyzmatdaşlygyna ‘göz gyzdyrýar’

Beýleki bir tarapdan, Pakistanyň täzelikde wezipä girişen premýer-ministri golaýda pars metbugatynda eden çykyşynda özleriniň Eýran bilen has ýakyn energiýa hyzmatdaşlygyna isleg bildirýändigini mälim etdi. Ol “[TOPH] taslamasy amala aşyrylan ýagdaýynda-da”, Yslamabadyň Eýrandan energiýa üpjünçiligine zerurlyk duýjakdygyny mälim etdi.

Türkmenistan TOPH arkaly degişli döwletlere ýylda 33 milliard kub metr gaz akdyrmagy maksat edinýär. Ilkibaşda bu taslamany 2019-njy ýylda işe girizmek göz öňünde tutulypdy, ýöne soňy bilen onuň tamamlanjak wagtynyň 2020-nji ýyla yza süýşürilendigi metbugat serişdelerinde habar berildi.

Hindistanyň gazyň bahasy boýunça täze teklibi barada aýdylanda, ol mundan ozal hem nyrhlar bilen baglylykda öz garşylygyny beýan edip gelipdi. “Times of India” neşiri 2016-njy ýylyň mart aýynda Hindistanyň TOPH geçirijisinden akdyryljak türkmen gazy üçin uzak möhletleýin kesgitlenen nyrh ýa-da belli bir formula boýunça baha tölemegi göz öňünde tutmaýandygyny ýurduň ýokary derejeli energiýa resmisine salgylanyp habar beripdi.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gazgeçirijisiniň uzynlygy 1814 kilometre deň bolup, onuň 816 kilometri Owganystanyň üstünden çekiler. Türkmenistanyň ýerli metbugaty taslamanyň türkmen böleginiň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi.​

Maliýe “kynçylyklary”

Galyberse-de, Türkmenistanyň bu halkara taslamany maliýeleşdirmekde-de kynçylyga duçar bolýandygy aýdylýar. Soňky üç ýylyň dowamynda taslamanyň halkara gün tertibine has çynlakaý girmegi bilen dürli döwürlerde Hytaý, Katar, Saud Arabystany, Özbegistan we şuňa meňzeş beýleki döwletler bu proýekte goşulmaga isleg bildirýändigini, ekspertleriň aýtmagyna görä, “kiçi dilden bärde” aýdyp geldi.

“Şu ýerde bellärlikli bir ýagdaý bar, Hytaý geçen ýyl-da [TOPH-a] goşulmaga isleg bildirýändigini aýtdy, wagtal-wagtal “Gazprom” hem muňa goşuljak diýdi, ýerli gelende Özbegistan TOPH-a goşuljak diýdi. Ýöne olar muňa nä derejede çynlakaý çemeleşýär, ony bilmedim. Aýdyşym ýaly, köpler TOPH-a goşulmaga isleg bildirýändigini aýdyp geldi, ýöne bu gürrüňler iş ýüzünde amala aşyrylmaýar” diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistan gaz söwdasynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Orsýeti, 2017-nji ýylyň ýanwarynda Eýrany ýitirenden soň, ol bu ugurda diňe Hytaýa garaşly galdy.

Geçen aý Orsýetiň energiýa ministriniň orunbasary Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasyny täzeden dikeltmegiň mümkinçilikleri barada metbugatda çykyş etdi.