ABŞ-nyň žýurisi Manaforty maliýe galplygynda günäli tapdy; Kohen günäsini boýun almaga razy boldy

Trampyň öňki kampaniýa ýolbaşçysy Paul Manafort

ABŞ-nyň federal žýurisi Donald Trampyň kampaniýasynyň ozalky başlygy Paul Manaforty salgytdan gaçmak we bank galplyklary bilen ilteşikli 18 aýyplamanyň 8 sanysy boýunça günäli tapdy.

Wirjinia ştatynyň Aleksandria şäherinde 21-nji awgustda çykarylan bu höküm Trampyň uzak wagtlyk şahsy aklawçysynyň kampaniýanyň maliýeleşdirilmegi we beýleki jenaýat aýyplamalary bilen baglylykda öz günäsini boýun almaga razy bolan gününe gabat geldi. Günäsini boýun almaga razy bolan aklawçy tölegler boýunça tabşyrygy 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlara täsir etmek synanyşygy bilen Trampyň berendigini ýaňzytdy.

Bu iki sud işiniň ikisi-de Trampyň kanunçylyk bilen bagly agyr kynçylyklara duçar bolýandygyny alamatlandyrýar.

Gürrüňi edilýän kazyýet jogapkärçilikleri prezident Donald Trampyň ýaranlary bilen Kremliň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle-de Russiýanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky saýlawlaryna gatyşdy diýilýän ýagdaýlary seljerýän ýörite prokuror Robert Muelleriň alyp barýan derňewi bilen arabaglanyşyklydyr.

Bularyň ikisi-de saýlawlara rus gatyşygy bilen gönüden-göni baglanyşykly däldir, ýöne Manaforta bildirilýän aýyplamalar onuň Ukrainadaky orsýetçi syýasatçylardan, şol sanda ýurduň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçden syýasy geňeşçi hökmünde alan maliýe serişdelerini seljerýär.

Wirjiniýada prokurorlar Manaforty özüniň kaşaň durmuşyny maliýeleşdirmek üçin millionlarça dollary salgytdan gaçyrmakda aýyplaýar. Žýuri Manafortyň öz girdejilerini bikanun ýagdaýda ýaşyrandygy, hem-de bank karzlaryny almak üçin onuň ýalan sözländigi barada prokuraturanyň ýüze çykaran maglumatlary bilen ylalaşdy.

Sud höküm çykaranda Manfortyň hem-de onuň aýaly Ketliniň ýüzüniň salyk bolandygy habarlarda aýdyldy.

Manaforta bildirilýän beýleki 10 aýyplama boýunça žýuri belli bir ylalaşyga gelip bilmänsoň, sudýa netije çykarylmadyk sud diňlenişigini yglan etdi.

Prokurorlar agzalýan aýyplamalar boýunça özleriniň täzeden sud diňlenişiginiň geçirilmegini sorajakdyklary ýa-da däldikleri barada öňümizdäki hepde karar aljakdyklaryny aýtdy.

Suduň jaýynyň daşynda žurnalistlere beren gürrüňinde adwokat Kewin Downing Manfortyň bu höküme “geň galandygyny”, ýöne şol bir wagtyň özünde Manafortyň “adalatly sud” üçin kazyýete minnetdarlyk bildirmek isländigini aýtdy.

Telewideniýede eden çykyşynda Tramp bu gozgalan işe özüniň dahylynyň ýokdugyny, ýöne Manaforta gynanýandygyny aýtdy.

Ol günbatar Wirjiniýa baranda “bu zatlara meniň dahylym ýok” diýdi. “Munuň Orsýet bilen dildüwşükli hyzmatdaşlyga dahyly ýok, ýöne şonda-da Muelleriň “arwah awçylygy” dowam eder” diýip, Tramp aýtdy.

Manafortyň beýleki ikinji sud diňlenişiginiň öňümizdäki aý Waşingtonda geçirilmegi meýilleşdirildi. Gürrüňi edilýän ikinji sud işinde ABŞ-a garşy galplyga ýüz urmak, galp şaýat edinmek aýyplamalaryna garalar, hem-de bu kazyýet işi ruslaryň gatyşyk tagallalary boýunça has köp maglumatyň üstüni açar.​

“Dymdyrmak üçin berlen para”

Manafortyň sud jogapkärçiligine çekilmegi ähmiýetlidir, ýöne köp sanly ýurist synçylar Maýkl Kohene bildirilýän aýyplamalary has ýakyndan yzarlaýarlar. Sebäbi bu gozgalan iş gönüden-göni Tramp bilen bagly problemalary özünde jemleýär.

Aýdylmagyna görä, Koheniň işini Muelleriň tagallalary gozgady, ýöne bu iş soňy bilen Birleşen Ştatlaryň Menhetten prokuraturasyna geçirildi. Bu ýurduň iň täsirli prokuratura edaralarynyň biridir.

Kohen ençeme ýyllap Trampyň şahsy aklawçysy hem-de “araçysy” bolup gulluk etdi. Ol ylalaşyklarda we Trampy hem-de onuň maşgalasyny goramakda oňa ýardam berdi.

Aprel aýynda federal agentler Koheniň öýünde we iş edarasyna reýd geçirdi, hem-de millionlarça sahypalyk resminamalary, bank kagyzlaryny ele geçirdi. Onuň garşysyna dessine iş gozgalmady, ýöne häkimiýetler geçirýän derňewleriniň ýurduň saýlaw kanunlary boýunça mümkin bolan düzgün bozmalary seljerýändigini aýtdy.

Menhetteniň federal sudunda Kohen jemi 8 sany aýyplama, şol sanda salgytdan gaçmak boýunça günäsini boýun almaga razylyk bildirdi. Ol özüniň razyçylyk arzasynda Trampyň özleri bilen gatnaşyga girendigini aýdýan iki aýala “dymdyrmak üçin berlen para” diýip atlandyran töleglerini 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň dowamynda amala aşyrandygyny aýtdy.

Kohen Trampyň adyny gönümel agzamady, ýöne ol “dalaşgäriň görkezmesi bilen” bikanun kampaniýa töleglerini amala aşyrandygyny hem-de bu maliýe serişdeleriniň 2016-njy ýyldaky “saýlawlara täsir etmek maksady bilen” geçirilendigini aýtdy.

“Dymmak üçin berlen paranyň” ähmiýeti uludyr, sebäbi Kohen olaryň saýlaw kampaniýasynyň dowamynda geçirilendigini aýtdy.

ABŞ-nyň saýlaw kanuny syýasy dalaşgärlere edilýän islendik maliýe goşandynyň jemgyýetçilige äşgär edilmegini talap edýär. Ýöne ne Tramp, ne-de onuň kampaniýasy bu talaby berjaý etdi. Bu agyr jenaýat hasaplanýar.

Tramp aýallar bilen gatnaşygy gaýta-gaýta inkär edip geldi. Ol ýeri gelende Koheni kemsitdi, ýeri gelende onuň kanun bilen bagly problemalaryna gynanýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Tramp Muelleriň alyp barýan derňew işine gaýta-gaýta nägilelik bildirip geldi, hem-de ony “arwah awçylygy” atlandyrdy. Ol bu derňewiň kanuny esaslaryny sorag astyna alyp, Muelleriň toparyny takyklanmadyk pikire esaslanmakda aýyplady.

22-nji awgustda Tramp özüniň öňki adwokatyny hiç kime maslahat bermeýändigini aýtdy.

“Eger-de kimde-kim gowy adwokat gözleýän bolsa, men oňa Maýkl Koheniň hyzmatyndan peýdalanmazlygy maslahat berýärin” diýip, Tramp Twitterde ýazdy.

Bu aralykda, Koheniň adwokaty Lanni Deýwis öz müşderisinde Muelleriň “bähbitlerine hyzmat edip biljek” maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

22-nji awgustda telewideniýede eden çykyşynda Deýwis müşderisindäki maglumatlaryň 2016-njy ýylda geçirilen saýlawlarda Demokrat partiýanyň elektron hatlarynyň döwülmegini Trampyň öňünden bilendigi ýa-da däldigini öz içine alýandygyny aýtdy.

Tramp wezipä girişeli bäri onuň bäş hyzmatdaşy ýa günäsini boýun almaga razy boldy ýa-da olara garşy aýyplama bildirildi. Kohen şolaryň bäşinjisidir, beýlekileriň hatarynda prezidentiň howpsuzlyk boýunça birinji geňeşçisi Maýkl Flin, Manafortyň orunbasary Rik Geýts dagylar bar. Geýts Wirjiniýada geçirilen sud diňlenişiginde öz başlygyna garşy şaýatlyk etdi.

Manafort özüne garşy gozgalan aýrybaşga iş boýunça sentýabr aýynda Waşingtonda sud ediler. Oňa pul ýuwmak, galp şaýatlyk, häkimiýetlere ýalan sözlemek, daşary ýurt agenti hökmünde hasaby durmazlyk ýaly aýyplamalar bildirilýär.