Marynyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi duýulýar; Daşogzuň bazarlarynda gymmatçylyk dowam edýär

Illýustrasiýa suraty

Daşoguzda ilata gündelik zerur bolan azyk-harytlaryň gymmatçylygy dowam edýär. Azatlygyň Daşoguz welaýatyndan howpsuzlyk sebäpli atsyz çykyş edýän habarçysy welaýatyň bazarlaryndaky soňky bahalar barada 20-nji awgustda habar berdi.

“Şu gün 1 dollar 20 manat 60 teňňe” diýip, habarçy aýtdy. Ol Orsýetde we Türkiýede dollaryň ýerli pula bolan gatnaşygyndaky üýtgeşmeleriň şol ýurtlarda gazanç edip, Türkmenistana maliýe serişdelerini ugradýan türkmenistanly migrantlara täsir edýändigi barada olaryň dogan-garyndaşlarynyň beren gürrüňlerini agzady:

“[Gara bazarda] dollar söwdasyny edýän ‘dollarçylar’ onuň bahasynyň ýene-de gymmatlajakdygyny çaklaýarlar. Türkiýedäki we Orsýetdäki türkmenistanly migrantlaryň ugradýan pullary 50-60 prosent azalypdyr” diýip, habarçy aýtdy.

Ol azyk önümleriniň gymmatlan bahalary barada gürrüňe dowam etdi.

“Daşoguzlylaryň iň köp isleg bildirýän gara çaýynyň bahasy geçen hepde biraz arzanlap, onuň 1 kilogramy 150-170 manat aralygynda bahalanypdy. Häzir şol 225-250 manat aralygynda satylýar. Adamlar gurplarynyň çatdygyndan kimler 50 gram, kimler 100 gram ölçäp çaý satyn alýarlar” diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, Daşogzuň bazarlarynda Orsýetde öndürilen şekeriň bahasy ýene-de gymmatlady.

“Türkmenistanda öndürilen süýji-kökeler hem geçen hepde bilen deňeşdireniňde azyndan 20 % gymmatlady” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Ol Eýrandan getirilýän hozuň 1 kilogramynyň bahasynyň 250 manatdygyny, munuň ozallar 50 manatdan bahalanandygyny habar berdi.

“Daşogzuň baý bazarynda 1 kilogram etiň bahasy 40 manat, jylka etiň kilogramy 64 manatdan satylýar” diýip, habarçy belledi.

Ol sözüniň dowamynda bazarlarda satylýan etiň hiline ýerli ýaşaýjylaryň şübheli garaýandygyny, bazarlardaky etleriň arasyna reňki garalyp giden etleriň goşulyp satylyp başlanandygyny habar berdi.

“Ahalda öndürilýän üzümiň 1 kilogramy Daşoguzda golaýda 4 manatdan satylýardy, häzir şol 15 manatdan bahalanýar” diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan daşoguzlylar welaýatdaky un gytçylygyndan şikaýat edýärler.

“Iň bellemeli ýeri, Daşoguzda 2 aý bäri un tapdyrmaýar. Hiç bir etrapda un ýok. Indi, Gurbanlyk sadakalaryny “buhanka” çörek tapylsa beräýmeseler. Un problemasy sebäpli köp hojalyk näme etjegini bilenok” diýip, habarçy belledi.

Awgustyň ortasynda türkmen häkimiýetleri Daşoguzda onsuz hem çäkli derejede berilýän uny satyn almagyň düzgünlerine goşmaça talaplary girizipdiler. Mundan beýläk, her aýda adam başyna berilýän 2 kilogram uny satyn almak üçin, azyndan bir aý öňünden un alýan dükanyňa baryp nobata ýazylmalydygyny, hem-de şol pursadyň özünde-de unuň bahasynyň tölenmelidigini Azatlygyň habarçysy 14-nji awgustda habar beripdi.

“Ahal ýagynyň 1 litri 20-22 manat aralygynda satylýar, Orsýetde öndürilen 1 litrlik günebakar ýagy 50 manatdan bahalanýar. Daşoguzda öndürilen çigit ýagy tapdyrmaýar” diýip, habarçy aýtdy.

Ýatlasak, iýulyň aýagynda Daşoguzda 5 litrlik Orsýetde öndürilen günebakar ýagy 100-150 manat aralygynda satylýardy.

Bu ýagdaý, agzalýan harydyň 20 günüň dowamynda takmynan 50-65 % aralygynda gymmatlandygyny alamatlandyrýar.

Habarçy welaýatyň dermanhanalarynda zerur dermanlaryň aňsat tapdyrmaýandygyny, 1 sanjymlyk ampisilliniň bahasynyň 26 manada durýandygyny belledi.

Bu aralykda, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” (TAH) saýty düýn çap eden habarynda Mary şäherindäki bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň duýulýandygyny habar berdi.

“Hatda banklaryň özünde ýerleşýän bankomatlarda-da pul tapdyrmaýar” diýip, TAH çeşmelerine salgylanýar.

“Welaýat polisiýa bölüminiň hem-de beýleki güýç gulluklaryň edara jaýlarynda ýerleşýän bankomatlarda elmydama diýen ýaly nagt tapdyrýar. Ýöne ol bankomatlardan diňe degişli gurluşlaryň işgärleri pul nagtlaşdyryp bilýärler, ýönekeý adamlaryň olardan peýdalanyp bilmegi üçin tanyş gerek” diýip, neşir ýazýar.

Türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.

Ýöne düýn Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde prezidentiň guma batan awtoulagy gumdan çykaryşyny görkezýän wideo şekiller efire berildi.