Orsýetdäki türkmen studentleri täze kynçylyklara duçar boldular

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Orsýetde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlary täze kynçylyklara duçar boldular. Azatlyk Radiosynyň Orsýetdäki habarçysynyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda, hususan-da Astrahan regionynda bilim alýan türkmen ýaşlary registrasiýa almakda kynçylyga uçrapdyr, bu ýagdaý hususy jaýlarda kireýne ýaşaýanlara degişli bolupdyr.