Türkmenistan GDA guramasyna başlyklyga taýýarlanýar

Duşenbede geçirilen GDA duşuşgyndan bir pursat

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň 2019-njy ýyldaky başlyklygyna taýýarlanýar diýip, “Trend” habar gullugy ýurduň 7-nji awgustda Türkmenistanyň resmi beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Habarda aýdylmagyna görä, GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň 28-nji sentýabrda Duşenbede geçirjek Geňeşinde gurama başlyklyk etmek nobaty Täjigistandan Türkmenistana geçiriler.

“Türkmenistan GDA-nyň düzümine girýän döwletleriň arasynda köpugurly konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürer” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow resmi habara salgylanylyp, “Trendiň” maglumatynda sitirlenýär.

Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galar diýip, Berdimuhamedow aýdypdyr.

Mundan ozal, Türkmenistan 2012-nji ýylda GDA guramasyna başlyklyk edip arkalaşygyň çäklerinde 30 töweregi çäre geçirdi diýip, “Trend” ýazýar.

Ýatladyp geçsek, resmi Aşgabat Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk statusyna esaslanyp, 2005-nji ýylda GDA guramasynda assosirlenen agza hökmünde galmagy saýlap alypdy.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Türkmenistanyň GDA guramasyna 2019-njy ýylda başlyklyk etmeginiň ähmiýeti barada Azatlyk Radiosynyň soraglaryna jogap berdi.

“Bu gurama başlyklyk etmek diýmek hiç hili üýtgeşik many aňlatmaýar. Meniň pikirimçe, GDA-ny Kremliň dolandyrýandygyny hemmeler bilýän bolsa gerek. Ýöne guramanyň düzümine girýän döwletler, beýleki halkara guramalarda bolşy ýaly, oňa gezekli-gezegine başlyklyk edýär” diýip, Panniýer belledi.

Ekspert Türkmenistanyň GDA guramasynyň assosirlenen agzasy bolandygyna garamazdan, oňa başlyklyk edýändigini aýratyn nygtap, şeýle gürrüň berdi:

“Türkmenistanyň GDA guramasynyň assosirlenen agzasy bolsa-da oňa başlyklyk etmegi geň ýagdaýdyr. Baryp Saparmyrat Nyýazowyň döwründe Türkmenistan guramanyň assosirlenen agzasy bolupdy. Nyýazow Türkmenistanyň gurama gatnaşygyny çäklendirmek isledi. Ol assosirlenen agza bolmagy haýyş etdi, şeýdibem doly agzalykdan el çekdi” diýip, Panniýer belledi.

“Türkmenistanyň başlyklygy kabul etmeginiň özi, onuň resmi taýdan jar etmezden bu gurama doly agzalygyny alamatlandyryp biler” diýip, ekspert belledi.

Ol Türkmenistanyň bu gurama täzeden ýantaşygynyň mümkin bolan sebäpleri barada gürrüň edip, munuň esasy sebäbiniň Orsýetiň göwnünden turmagy maksat edinen bolmagynyň ahmaldygyny belledi.

“Biz, elbetde, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň häzir ýagdaýynyň erbetdigini bilýäris. Men [GDA bilen ysnyşykly gatnaşygyň] Orsýetiň göwnünden turmak üçin ýola goýulýandygyny çaklaýaryn. Häzirki wagtda eýsem Orsýet türkmen gazyny satyn almaga öňküsi ýaly dowam edermi diýen meseleler boýunça gürrüňler edilýär” diýip, Panniýer belledi.

“Ýöne syýasy taýdan alanyňda GDA guramasyna başlyklyk etmegiň hiç hili manysy ýokdur. GDA bilen bagly gatnaşyklar boýunça Aşgabat, barybir, Moskwanyň rugsady bolmazdan hiç hili syýasy karar alyp bilmez” diýip, ol sözüne goşdy.

Panniýer gürrüňe dowam edip GDA guramasynyň soňky ýyllarda barha gysylýan hem daralýan guramadygyna ünsi çekdi.

“Bu gurama hiç haçan Orsýetiň baştutanlygyndaky öňki sowet döwletleriniň bileleşigi bolmakdan öte geçip bilmändi” diýip, ekspert belledi.

“Türkmenistanyň GDA guramasyna başlyklyk etmegi diýmeklik, simwoliki taýdan Türkmenistanyň GDA bilen, öňküsi ýaly, doly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga tarap barýandygyny görkezýär. Biz 14-15 ýyl ozalky ýagdaýa dolanyp geldik diýip, pikir edýärin” diýip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert belledi.

“Trend” habar gullugynyň Türkmenistanyň GDA guramasyna başlyklygy barada ýetiren maglumaty, ýurduň resmi onlaýn metbugatynda agzalmaýar.