Kondisionerlerden çykýan howurdan ýaňa jaýlara pyýada çykyp-düşer “ýaly däl”

Aşgabatdaky köp gatly jaýyň girelgesinde oturdylan split sistemaly kondisioner

Aşgabadyň köp gatly jaýlarynyň girelgelerindäki tas ähli gatlarda oturdylan split sistemaly kondisionerlerden çykýan howurdan ýaňa öýlere pyýada çykyp-düşüp bolmaýandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar.

Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasynyň öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir ýaşaýjysynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol jaýyň 9-njy gatynda ýaşaýar.

“Liftler bökdençsiz işlemeýär. Liftleriň kadaly işlemeginde döreýän bökdençlikleri lift edarasynyň işgärleri hem, howanyň aşa gyzmagyndan we jaýlaryň girelgesinde oturdylan kondisionerleriň döredýän gyzgynlygyndan gelip çykýandygyny, yssy howa zerarly liftleriň motorlarynyň gyzyp, bökdençlik döredýändigini aýdýarlar. Liftler işlemänden soňra jaýyň 9-njy gatyna çenli basgançaklar bilen ýöräp çykmaga mejbur bolýan halatymyz kän bolýar. Ine şeýle ýagdaýda 9-njy gata çykýançaň girelgedäki howurdan ýaňa ýüregiň çaşara gelýär. Iň soňky demiňde öýüňe girýärsiň. Soňra 1-2 sagatlap özüňe hem gelip bolmaýar” diýip, ýaşaýjy zeýrenýär.

2015-nji ýylyň başynda Aşgabadyň Parahat-7 etrapçasyndaky 9 gatly ýaşaýyş jaýlaryndan ilatyň gurnan split sistemaly kondisionerleri häkimiýetler tarapyndan mejbury goparylyp aýyrdylypdy.

Häkimiýetler munuň sebäplerini kondisionerleriň jaýlaryň daşky görküni bozýandygy bilen düşündiripdiler we split sistemalaryny bir hatara düzüp gurnamak üçin ýörite balkonlaryň gurulyp beriljekdigine wadalar beripdiler.

Emma ol wadalar ýalan wadalar bolup çykypdy we ilat tomusda howanyň gyzgynlygy 50 gradusa çenli ýetýän jöwzaly yssy howa çydap bilmän, kondisionerleri jaýlaryň girelgelerinde gurnamaga mejbur bolupdylar.

“Elbetde, yssy howada beton jaýlarda sowadyjy bolmasa, dem alyp bolmaýar. Bu ýagdaý has hem ýarawsyz garrylara, ýaş çagalara kynçylyk döredýär. Gyzgyna çydap bilmeýän ýaşaýjylar bolsa, öz sowadyjylaryny nirede gurnajaklaryny bilmän sergezdan bolýarlar. Sowadyjylaryny gurnamak üçin ilatyň ahyrynda saýlap alýan ýeri hem, jaýlaryň girelgeleri bolýar” diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, ilatyň “çykalga” diýip saýlap alýan jaý girelgelerindäki split sistemalarynyň ýangyn howpludygyny hem aradan aýyrmaýar. Ýöne bu zatlara ýangyn howpsuzlyk gulluklary tarapyndan hem gözegçilik edilmeýär. Emma bu çykalga däl. Döwlet tarapyndan bu meselä üns berilmegi möhüm bolup durýar.

Täze gurulýan jaýlarda sowadyjylary gurnamak üçin niýetlenen ýörite ýerleriň näme sebäpden göz öňünde tutulmandygyny welin, döwlet emeldarlaryndan başga bilýän adam ýok.

“Ilatyň aladasy edilýän bolsa, gurluşyklar alnyp barylýan wagtynda bu zerurlyklar göz öňünde tutulmalydy. Özleriniň etmeli işlerini berjaý etmän, soňra ilaty kösäp, olary split sistemalaryny aýyrmaga mejbur etdiler. Indem ýene biz kösenýäris” diýip, ýaşaýjylaryň ençemesi zeýrenýär.