Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene bir gezek milli medianyň işinden nägileligini bildirdi, emma döwlet eýeçiligindäki TDH we döwlet telewideniýesi 3-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda öz işlerine döwlet baştutany tarapyndan edilen tankydy bellikleriň detallaryny açmakdan saklandy.
TDH-nyň ýazmagyna görä, döwlet baştutany milli telewideniýede berilýän gepleşikleriň hem-de döwürleýin neşirleriň çap edilişiniň hilinden nägile, ýagny onuň pesdigini aýdýar.
Prezident Berdimuhamedow türkmen mediasynyň işini mundan öň hem az tankyt etmändi we bu nägilelik wagtal-wagtal bu pudagyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda medeniýet we köpçülikleýin habar serişdelerine gözegçilik edýän wise-premýeriň hem tiz-tizden täzelenmegine alyp gelýär.
Döwlet baştutany, TDH-nyň teswirinde gysgaça görünşde ile ýetirilen täze nägileliginde ýurtda bolup geçýän wakalary “şöhlelendirmäge döredijilikli çemeleşmegiň, gyzykly gepleşikleri we makalalary taýýarlamagyň, şu ulgam üçin zehinli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini" belledi.
Şeýle-de Berdimuhamedowyň wise-premýer Bahargül Abdyýewe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek babatda "anyk görkezmeleri berendigi" habar berilýär, emma ol görkezmeler anyklaşdyrylmaýar.
Şonuň bilen bir wagtda, prezident wise-premýere öňde duran “baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyny” ýatlatdy.
Eger biraz yza çekilsek, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hem milli metbugatyň işini kämilleşdirmek barada gürrüň edilip, ony dünýä derejesinde kämilleşdirmek wadasy berildi. Bu wada şol wagtky wise-premýer Annageldi Garajaýewe degişlidi.
Bellemeli ýeri, Garajaýewiň bu wadasy Mejlisiň deputatlarynyň tele-radio žurnalistleriniň "adamlary tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgüdini tapmalydygyny" nygtap çykyş eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.
Emma Garajaýew kän wagt geçmänkä öz ornuny Abdyýewa bermeli boldy we onuň “köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini dünýä derejesine laýyklykda kämilleşdirmek...” boýunça planlaşdyran “anyk işleri” bilinmän galdy.
Ýerli synçylar we media ekspertleri türkmen metbugatynyň öňündäki esasy kynçylygyň ýurtda söz, metbugat azatlygyna ýol berilmezligi bilen baglydygyny aýdýarlar.
Türkmen kanunçylygy raýatlaryň söz, metbugat azatlygy hukuklaryny kepillendirýär we metbugat hakyndaky kanun senzurany gadagan edýär. Emma türkmen hökümetiniň tankytçylary häkimiýetleriň ýurtda garaşsyz metbugatyň döremegine ýol bermeýändiklerini, prezidentiň kanunçylygy bozup, habar serişdeleriniň ýolbaşçylaryny hem özüniň belleýändigini aýdýarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna gelenden az wagt soň “gözlenip okalýan makalalar, kitaplar, tomaşaçylary özüne çekýän ýokary çeperçilikli oýunlar, kinolar” hakynda mesele gozgapdy. Emma soňky ýyllarda ol metbugatdan esasan türkmen jemgyýetinde amala aşyrylýan “oňyn özgertmeleri” we ýurduň “gazanýan ajaýyp üstünliklerini” giňden wagyz etmegi talap edýär.
Emma hökümet mejlislerinde, şol sanda anna güni ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde uly özüş sanlarynyň getirilendigine garamazdan, ekspertler Türkmenistanyň agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Ýurt içinden gelýän maglumatlara görä, Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalary we durmuş yzygiderli gymmatlaýar. Ýöne döwlet eýeçiligindäki metbugat esasan prezident G.Berdimuhamedowy öwýär we ilaty alada goýýan durmuş kynçylyklaryny agzamaýar.