Daşogzuň gallaçylarynyň köpüsi döwlete bergili çykdy, olar bugdaýyň öwezini dolmaly edildi

Eňňerede otlaýan mallar (Illýustrasiýa suraty)

Demirgazyk sebitiň bu ýylky bugdaý plan borçnamasyny dolup bilmedik gallaçy kärendeçileri döwlete bergili çykansoň, olar plan borçnamasynda görkezilen bugdaýyň öwezini dolmaly edildi. Olaryň hatarynda pensiýasy bolan kärendeçiler alýan pensiýa haklaryny dolmadyk gallanyň öwezine döwlete geçirýär, pensiýasy ýoklar bolsa emläklerini satyp, döwletiň öňünde dolup bilmedik bugdaý plan borçnamasynyň öwezini dolmaga çalyşýar. Bular barada adynyň efirde agzalmazlygyny soran daşoguzly bir daýhan Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.

Читайте также на русском

“Meniň tanaýanlarymdan bugdaý planyny dolan kärendeçä duş gelmedim. Welaýatyň kärendeçileriniň 90 göterimi bergidar çykypdyr. Hatda bugdaý samanam gowy çykmandyr, ýogsam saman satyp, bugdaýyň bergisine goşant goşsa-da bolardy” diýip, daşoguzly daýhan aýtdy.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan oba hojalyk hünärmeni suw içmedik bugdaý ekininde samanyň göwnejaý bolmaýandygyny, suwsuz ekiniň boý alyp bilmeýändigini gürrüň berdi.

Bu ýylky bugdaý möwsüminiň dowamynda Daşoguz welaýatynyň käbir kärendeçi daýhanlary Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde bugdaý ekinlerini suwarmak üçin zerur bolan suwarym suwlarynyň ýetmezçiligi, şeýle-de mineral-dökün ýetmezçiligi, tehnika kynçylyklary barada yzygiderli habar beripdi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan daşoguzly daýhan onlarça kärendeçiniň bugdaý planyny dolup bilmändigi sebäpli prokuratura çagyrylýandygyny, käbir daýhanlaryň bolsa “ynanmazçylyk bilen” häkimiýetler tarapyndan öýleriniň barlanýandygyny gürrüň berdi.

“Kärende ýerine bugdaý ekip planyny dolup bilmedik onlarça tanşym prokuratura gatnaýar. Hatda prokuraturanyň işgärleri “daýhanlar kombaýnçy bilen dilleşip hasyly öýüne dökdüren bolaýmasyn” diýip kärendeçileriň käbirleriniň öýlerinem barlapdyr” diýip, daşoguzly daýhan aýtdy.

Ýatladyp geçsek, galla oragynyň başynda oraga gatnaşýan kombaýnlaryň sürüjilerinden öz hasaplaryna, kombaýna dakmak üçin, wideokamera almaklarynyň talap edilýändigi barada maglumatlar ýaýrapdy. Şonda wideokameralaryň ogrulygyň öňüni almak üçin goýulýandygy baradaky çaklamalary Azatlygyň welaýatdaky habarçysy gürrüň beripdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, TDH-niň maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2019-njy ýyly “ynanyşmak” ýyly diýip yglan etmegi teklip edýär.

“Döwlete bergili çykan daýhanlaryň arasynda pensiýasy barlar [döwlete tabşyrmaly bugdaýyň öwezini] pensiýasyny geçirip töleýär, pensiýasy ýoklar towugyny, geçisini, motosiklini, ýa-da eşek-arabasyny satyp bergisini töläp başlady. Bu tölegleri wagtynda tölemedik kärendeçileriň öý-goşlary suduň karary bilen deger-degmez bahadan konfiskasiýa edilýär, ýa-da olaryň kärende ýerleri ellerinden alynýar” diýip, howpsuzlyk sebäpli efirde atsyz çykyş etmegi saýlap alan daşoguzly kärendeçi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Suw, dökün wagtynda berilmeýär, ýöne şonda-da daýhanlar hemişe günäkär, hemişe bergili” diýip, kärendeçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi welaýatyň çäginde tamamlanan bugdaý möwsüminiň ilki bilen ekiş işlerine giç girişilendigini gürrüň berdi.

“Geçen ýyl tehnika ýetişmän bugdaý ýanwarda ekildi” diýip, çeşme aýtdy.

Daşoguz welaýatynda bugdaý ekiş möwsümine girişilmegi barada maglumat beren Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy, telewideniýede sebitde ekişe girişilendigi barada görkezilýän tele-reportažlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdy.

“Göz üçin awgust aýynda 5 gektarlyk ýere bugdaý ekip, telewideniýede reportaž efire goýberilýär. Hakyky bugdaý ekişi adatça welaýatda noýabr aýynda başlanýar” diýip, Azatlygyň habarçysy mälim etdi.

Bu ýylky galla hasyly boýunça takyk sanlar henizem nämälimliginde galýar. 30-njy iýulda geçirilen hökümet maslahatynda döwlet baştutany welaýatlardaky pagta ýygymyna we nobatdaky bugdaý ekiş möwsümine tehniki taýýarlygy tankytlady, ýöne, TDH-niň habaryna görä, tamamlanan galla möwsüminiň jemlerinden söz açmady.