Köýtendaglylar emeldarlaryň päsgelçilikleri sebäpli girdeji çeşmelerini ýitirýändiklerini aýdýarlar

Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby

Köýtendagyň turizmden güzeran aýlaýan obalarynyň ýaşaýjylary emeldarlaryň döredýän päsgelçilikleri sebäpli indi girdeji çeşmelerini ýitirip başlandygyny öňe sürýärler. Ýerli ýaşaýjylar Köýtendag syýahatçylyk sebitiniň emeldarlaryň eýeçiliginden alnyp, owalkysy ýaly halka elýeterli ýagdaýa getirilmegini isleýärler.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Köýtendagyň Saýat, Sakar, Köýtendag we Hojapil atly obalarynyň käbir ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, syýahatçylyk ýerinde hemme şertler diňe emeldarlara gönükdirilendigi sebäpli soňky wagtlarda ýönekeý halk gelip bilmeýär. Bu bolsa, güzeran çeşmesi turizm bolan obalaryň ýaşaýyşyna uly zeper ýetirýär. Obalaryň güzerany şu ýerlere dynç almaga gelýän ýönekeý halka bagly.

“Köýtendagyň merkezindäki 250-300 adam orunly çagalar üçin niýetlenen dynç alyş düşelgesi bardy. Häzir şol ýapyldy we onuň deregine emeldarlar tarapyndan bir myhmanhana açyldy. Täze myhmanhananyň bahasy ýönekeý raýatlar üçin elýeterli bolmaýşy ýaly arassaçylygy hem öwerlikli däl. Şonuň üçin hem Köýtendaga dynç alyşa gelýänler dört obadaky ýerli ýaşaýjylaryň öýlerinde düşleýärler. Ýöne, soňky döwürlerde Köýtendag syýahatçylyk sebitiniň goraghana degişli ýerleriniň aglabasyny diýen ýaly emeldarlar ýa-da olaryň ilen-çalanlary satyn alyp, özlerine 2-3 etažly willa gurup başladylar we bu bolsa turistleriň hereketini çäklendirdi" diýip, Saýat, Sakar, Köýtendag we Hojapil obalarynyň ençeme ýaşaýjysy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Köýtendagyň obalarynyň ýaşaýjylary häzir şol owalky çagalar düşelgesiniň gaýtarylyp berilmegini, deregine açylan myhmanhananyň bolsa ýerli ýaşaýjylara hem ýönekeý turistlere peýda etmeýändigi üçin ýapylmagyny isleýärler.

Köýtendagdaky syýahatçylyk ýerleriniň biri

"Biz ýokardaky ýolbaşçylardan Köýtendagda owalkysy ýaly ýönekeý halka açyk, elýeterli adaty turizmiň gaýtadan ýöredilmegini we goraghananyň tebigy ýagdaýynyň hem emeldarlar tarapyndan bozulmazlygyny isleýäris” diýip, atlarynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýaşaýjylar belledi.

Köýtendag syýahatçylyk sebitiniň ýaşaýjylary prezidentiň ýa-da ministrleriň garyndaşlarynyň dynç alşa barýan mahaly bolsa, obalara gatnawyň doly ýapylýandygyny we olaryň daşary dünýä bilen aragatnaşygynyň hem doly kesilýändigini gürrüň berýärler.

“Berdimuhammedowyň ýa-da ministrleriň garyndaşlary dynç almaga geläýse, obalara gatnaw beýle-de dursun, öýüňden çyksaň derrew ýanyňa gelip, ‘Nirä barýaň? Näme üçin öýüňden çykdyň? Näme etjek bolýaň? Öýüňde ümsüm otursaň bolmaýarmy? Saňa näme duýduryş berilmedimi? Bolanok diýilýän bolsa, bolanok-da’ diýip, howpsuzlyk işgärleri daşyňa geçýärler. Golaýda prezidentiň garyndaşlary dynç alyp gidende welin, syýahatçylyk sebitini ýapyp, obalardaky halky hem hiç ýere gymyldatman gaty heläk etdiler” diýip, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Köýtendag etraby Lebap welaýatynda ýerleşýär. Ol syýahatçylar üçin gelim-gidimli ýerleriň biri hasaplanýar. Köýtendagda tebigy goraghanalar, dag gerişleri, gowaklar, ýylysuw çeşmeleri, şeýle-de Türkmenistanyň 3200 metrlik iň belent Aýrybaba belentligi, dag gaýalarynyň ýüzünde 150 million ýyllyk dinozawrlaryň aýak yzlary ýerleşýär.