Aşgabatda mekdep mugallymlarynyň köçe arassalaýyş işlerine köpçülikleýin çekilmegi dowam etdirilýär.
Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýewiň 1-nji awgustda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, 45 günlük tomusky dynç alyş rugsadyndan dolanyp işe çykan mugallymlaryň ählisi irden sagat 10-11 çenli mekdebiň golaýyndaky köçeleri süpürýärler, baglaryň otuny çapmaly bolýarlar.
Читайте также на русском
"Mekdepleriň golaýynda seýilgähler bar. Olar şolaryň haşal otuny çapmaly, köçeleri süpürmeli. Onsoň sagat ondan soň yssy düşýär. Mugallymlar mekdebe baryp, şäher telefonlaryndan okuwçylaryň ene-atalaryna jaň edip, olara täze mekdep formasy barada habar bermek bilen meşgullanýarlar", diýip Amanmyrat Bugaýew belledi.
Ýatlatsak, şu ýyl Türkmenistanda okuw jaýlarynyň gyz okuwçylaryndan täze geýim talap edilýär. Gyz okuwçylar teniňe ýapyşmaýan giň köýnek we aşagyndan keşdeli balak, ýagny milli aýak geýimi geýmeli. Dar köýnek geýmek mundan beýläk gadagan edilýär.
Amanmyrat Bugaýewiň sözlerine görä, mugallymlaryň köçe arassalaýyş işlerine çekilmegi üçin olara goşmaça hak tölenmeýär. Üstesine, mugallymlara köçede işläp ýören wagtynda dynç almaga ýa-da tebigy zerurlyklaryny berjaý etmäge köplenç mümkinçilik berilmeýär.
Mekdep mugallymlary bilen söhbetdeş bolan aşgabatly synçy, mugallymlaryň gatnaşmagyndaky köçe arassalaýyş işleriniň iýul aýynyň ikinji ýarymynda başlanyp, okuw ýylynyň başyna çenli dowam etdiriljegini belledi.
Aşgabatda mugallymlaryň köçe arassalaýyş işlerine çekilmegi bilen baglylykda mekdep ýolbaşçylaryndan we Bilim ministrliginden resmi kommentariý alyp bolmady.
Bellemeli ýeri, Aşgabadyň her mekdebine berkidilen ýörite köçeler bar, hususan-da, bu ýerde oturdylan agaçlaryň idegi mekdepleriň garamagynda bolup, tutuş ýylyň dowamynda ösümlikleriň suwarylyşy mugallymlaryň hasabyna amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýöredilýän 'yglan edilmedik' düzgüne görä, ýylyň dowamynda mugallymyň her aýlygyndan hakyna bagban tutmak üçin ortaça 10 manat alynýar.
Türkmenistanyň ýolbaşçylary Aşgabadyň abadançylygyna döwlet derejesinde aýratyn üns berýärler. Paýtagtyň kommunal hojalyk edaralarynyň işgärleri köçeleri el bilen arassalaýarlar, süpürip-ýuwýarlar. Şäheriň arassaçylygyny saklamak boýunça işlere döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda mugallymlar hem köpçülikleýin gatnaşdyrylýarlar.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýaňy-ýakynda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistan mejbury iş güýjüni ulanmakda dünýä derejesinde ir erbet ýagdaýly ýurtlaryň hatarynda agzaldy.
“Mundan başga-da häkimiýetler agaç ekişlik ýaly jemgyýetçilik çärelerine mejbury ýagdaýda mugallymlary, lukmanlary we beýleki döwlet işgärlerini gatnaşdyrýarlar. Şeýle-de, mugallymlar, talyplar we beýleki pudagyň işgärleri Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna mejbury gatnaşdyryldy” diýlip, ABŞ-nyň iýun aýynyň aýagynda çap edilen hasabatynda bellendi.
Şeýle-de, Türkmenistanda mekdep mugallymlary döwlet baýramçylyklar we syýasy wakalar bilen bagly häkimiýetleriň guramaçylygyndaky çärelere köpçülikleýin gatnaşmaga mejbur edilýär. Oba ýerlerinde mekdep mugallymlary beýleki döwlet edara-kärhanalaryň işgärleri bilen deň derejede oba hojalyk işlerine çekilýär, şol sanda pagta ýygýarlar we pile önümçiligine gatnaşdyrylýarlar.