Orsýet: bäş ýaşly çaga zorlanandan soň polisiýa işgärleri işden boşadyldy

Huwaýdo Tillozodanyň suraty

Moskwanyň golaýyndaky Serpuhowa şäheriniň dört polisiýa ofiseri 2017-nji ýylda häzir 22-nji iýulda bäş ýaşly täjik gyzyny zorlamakda we öldürmekde güman edilýän adamy tutup bilmändikleri üçin işden boşadyldy.

Moskwanyň regional polisiýasynyň sözçüsi Tatýana Petrowa 26-njy iýulda Sepuhowanyň polisiýa başlygynyň hem dynç alyşdan gelende wezipesinden boşadyljakdygyny aýtdy.

Petrowanyň sözlerine görä, ofiserler içerki derňewden soň, Serpuhowa polisiýa bölüminiň çagalaryň oýun meýdançasynda iki sany ýaş gyza azar beren adamyň üstünden edilen şikaýaty düzüw derňemändigi belli bolandan soň işden boşadyldy.

Şondan üstünden şikaýat edilen we häzir 27 ýaşyndaky adam 23-nji iýulda, bäş ýaşly Huwaýdo Tillozodany, täjik migrant işçileriniň çagasyny zorlamakda aýyplanyp tussag edildi.

Tillozodanyň jesedi 23-nji iýulda, Serpuhowa demirýolynyň golaýyndan tapyldy.

Pidanyň öz ene-atasy bilen ýaşan binasynyň ýaşaýjylary güman edilýän adamyň hem şol jaýda ýaşandygyny aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä, 2017-nji ýylda bir ýaşaýjy onuň üstünden öz gyzyna we başga bir gyza azar berjek bolandygy üçin arz edipdir.

Emma polisiýa bu şikaýaty töwerekleýin derňemändir.